Owganystan Meselesi Ýurtda Wagtlaýyn Şäriklik Hökümetiniň Gurulmagy Bilen Çözüler

Owganystan Meselesi Ýurtda Wagtlaýyn Şäriklik Hökümetiniň Gurulmagy Bilen Çözüler

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Zamir Kabulow, Owganystan meselesiniň ýurtda wagtlaýyn şäriklik hökümetiniň gurulmagy bilen çözülip bilinjekdigini aýtdy.

Kabulow, paýtagt Moskwada metbugata beren beýannamasynda, Kataryň paýtagty Dohada geçirlen gepleşikleriň bes edilendigini nygtady.

Kabulow geçen hepde Moskwada Russiýanyň, ABŞ-nyň, Hytaýyň, Pakistanyň we Owganystanyň wekilleriniň gatnaşmagynda Owganystan meselesiniň çözülmegi üçin giň gerimli maslahatyň geçirlendigini ýatlatdy.

Maslahatdan soň berlen bilelikdäki beýannamada, diňe Talibana däl eýsem Owganystanda söweşýän iki tarapa hem hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş berlendigine ünsi çeken Kabulow, şol beýannamanyň owganara gepleşikleriň gün tertibini emele getirip biljekdigini nygtady.

ABŞ bilen Talibanyň arasynda parahatçylyk şertnamasynyň has ozal baglaşylandygyny ýatladan Kabulow, “Şol şertnama laýyklykda amerikanyň esgerleriniň 1-nji maýa çenli Owganystandan çekilmegi göz öňünde tutulýar. Bu mesele Russiýany gyzyklandyrýmaýar. Sebäpli Taliban bilen ABŞ ylalaşyk gazandy. Amerikaly 2 müň esgeriň Owganystanda galyp galmazlygy ýurduň içindäki deňagramlylyk güýjüne täsirini ýetirmez” diýdi.

Şertnamanyň berjaý edilmelidigine ünsi çeken Kabulow, “ABŞ jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmese Taliban muňa garşylyk görkezer” diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Medwedew Russiýanyň Taliban bilen bagly çemeleşmesi barada beýanat berdi
Russiýada, Talibanyň Terror Guramalarynyň Sanawyndan Çykarylmagy Teklip Edildi
Russiýa Talibany terror guramalarynyň sanawyndan çykarmak boýunça iş alyp barýar
Germaniýa köp sanda owgan raýatyny ýurtdan çykardy
Russiýa,Talibanyň gadagan edilen “terror” guramalarynyň sanawyndan çykarylmagy üçin işe girişdi
Owganystanda Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DAEŞ Öz Üstüne Aldy
Eýran: "Taliban bilen gepleşikler geçirildi, meseleler çözüldi" diýdi