Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

Farýab welaýatynyň Şurasynyň wekili Ak Muhammed Nuri, Talibanly başbozarlaryň ilki bilen bomba ýüklenen ulag bilen Kaýsar etrabynyň merkezindäki Içeri işler edarasynyň binasyny nyşana alandygyny we ondan soň bolsa ýaragly hüjüm gurandygyny habar berdi.

Hüjümde Kaýsar etrabynyň Içeri işler edarasynyň müdüri Seýfurrahman Dihzad bilen 14 howpsuzlyk gullukçysynyň ýogalandygyny aýdan Nuri, 37 howpsuzlyk gullukçysynyň bolsa Talibanly başbozarlar tarapyndan zamun alynandygyny mälim etdi.

Nuri Talibanyň Kaýsar etrabynyň merkeziniň aglaba ýerini gözegçiligi astyna geçirendigini, goşmaça harby güýç gönükdirilmän halatynda etrabyň dolulygyna Talibanyň gözegçiligi astyna geçjekdigini aýan etdi.

Taliban bolsa hüjümde etrabyň Içeri işler edarasy bilen birlikde köp sanda birikmäniň gözegçiliginiň ellerine geçendigini öňe sürdi.

Beýleki tarapdan bolsa Owganystanyň Bathyz welaýatynda guralan bombaly hüjümde aralarynda zenanlar we çagalar hem bolan jemi 11 adam ýogaldy.

Bathyz welaýatynyň gubernatory Hüsamettin Şems metbugata beren beýanatynda, welaýatyň Ab Kemeri etrabynyň Gendab diýilen ýerine ozaldan ýerleşdirilen bombanyň asuda ilaty daşaýan ulagyň şol ýerden geçýän mahaly partladylandygyny habar berdi.

Hüjümde asuda ilatdan 11 adamyň ýogalandygyny aýdan Şems, ýogalanlaryň arasynda zenanlaryň we çagalaryň hem bardygyny habar berdi.

Şems hüjümiň jogapkäriniň Talibandygyny habar berdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Owganystandaky Mirasy
Taliban 31-nji awgusty Milli dynç alyş güni hökmünde yglan etdi
Türkiýe, Owganystanda Guralan Hüjümi Ýazgardy
Owganystanda Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DAEŞ Öz Üstüne Aldy
Eýran: "Taliban bilen gepleşikler geçirildi, meseleler çözüldi" diýdi
Eýran-Owganystan serhedinde çaknyşyklar boldy
JOINT STATEMENT FOLLOWING THE 4TH MEETING OF SPECIAL REPRESENTATIVES AND ENVOYS FOR AFGHANISTAN IN THE "CA-EU" FORMAT IN ASHGABAT