7-nji iýulda Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Owganystan meselesi boýunça ministrleriň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy guralyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi onuň guramaçysy bolup çykyş etdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň berýän maglumatyna görä, mejlise Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German şeýle-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Talgat Kaliýew we BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça syýasy meseleler babatda ýörite wekiliniň orunbasary Mette Knudsen gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda sebit hyzmatdaşlygy, Owganystanda parahatçylygy üpjün etmek, howpsuzlyk we ykdysady ösüş meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Türkmen tarapy Owganystanda parahatçylygy dikeltmek ugrundaky gepleşikleriň oňyn ösüşini gazanmakda dünýä jemgyýetçiliginiň syýasy we durmuş-ykdysady goldawynyň ähmiýetini hem-de şol gepleşikleriň oňyn netijesiniň sebitdäki we onuň daşyndaky syýasy, ykdysady we durmuş ýagdaýy bilen gönüden-göni bagly bolup durýandygyny nygtady.