Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda energetika ulgamynda täze Şertnama baglaşyldy

Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda energetika ulgamynda täze Şertnama baglaşyldy

28-nji ýanwarda Owganystan ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Hyrat welaýatyndaky “Nur-ul-Jahad” podstansiýanyň kuwwatyny artdyrmak boýunça Türkmenistan bilen degişli Şertnama gol çekdi. Bu barada Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, Kabulda geçirilen “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasynyň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekiliýetiniň agzalarynyň hem-de “Çalik Enerji” türk kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda dört günläp dowam eden gepleşikleriň jemleri boýunça “Nur-ul-Jahad” podstansiýasynyň kuwwatyny 110 kilowatdan 220 kilowata çenli artdyrmak boýunça Şertnama gol çekdiler.

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekilçilikli topary Owganystanyň Kabul şäherinde elektrik energetikasy taslamalary boýunça gepleşikleri geçirdi. Gepleşikleriň çäklerinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisi, “Nur-ul-Jahad” stansiýasy we beýleki elektrik taslamalarynyň hukuk we tehniki taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

TOP energetika ulgamyndaky derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
Owganystan bilen Türkmenistan elektrik üpjünçiligi taslamasy boýunça şertnama gol çekdi
Türkmen energetikleri Kabulda gepleşikleri geçirdiler
Dört günlik gepleşiklerden soňra Türkmenistan we Owganystan EGÝ-niň gurluşygy barada ylalaşyga gol goýdylar
Türkmen-owgan elektrik energiýa kompaniýalary bilelikdäki taslamalara garadylar
Türkmenistan 2024-nji ýylda Owganystana 1,8 milliard kWt elektrik energiýasyny iberer