Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministrliginiň Owganystan we Pakistan boýunça departamentiniň direktory, Owganystan boýunça ýörite wekili Endrýu MakKubri bilen wideoaragatnaşyk arkaly gepleşik geçirdi.
4-nji aprelde bolan duşuşygyň barşynda taraplar owgan meselesi boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň giň toplumyna seredip geçdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Bu sebitdäki ýagdaýlar bilen bagly ynsanperwer häsiýetli meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.