Owganystan Aşgabatdaky wagtlaýyn ynanylan wekilini tanyşdyrdy

Owganystan Aşgabatdaky wagtlaýyn ynanylan wekilini tanyşdyrdy

Owganystanyň daşary işler ministrligi Fazal Mohammad Sabiri Owganystanyň Aşgabatdaky wagtlaýyn ynanylan wekili diýip tanyşdyrdy. TOLOnews-iň habar berşine görä, dabara Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary we owgan diplomatlary gatnaşdylar.

Kabulyň resmi adamlary Aşgabatda Owganystanyň ilçihanasynyň baştutanynyň wezipesine täze ýerine ýetirijiniň bellenmegi iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary giňeltmäge tarap ädilen ädimdir diýip bellediler. Şonuň bilen birlikde, 18-nji martda Owganystanyň daşary işler ministrligi TOPH boýunça nobatdaky gezek öz beýannamasyny berdi we gaz geçirijiniň tehniki taraplary barada eýýäm gepleşikleriň geçirilendigini we taslamanyň ýazda dikeldiljekdigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Owganystandaky sergide $45 milliona deň bolan ylalaşyklara gol çekildi
Owganystan Türkmenistan bilen araçäkde täze serhet geçelgesini döretmegi meýilleşdirýär
Owganystan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlanýar
Owganystanda Şaýy Hazaralar Nyşana Alyndy
Owganystanyň wekiliýeti ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin Türkmenistana geldi
Türkmen wekiliýeti TOPH taslamasy boýunça Kabula sapar eder