Owganystan demirgazyk Sar-e-Pul welaýatyndan geçýän Amyderýanyň kenaryndaky Kaşkari nebit ýataklarynyň guýularyndan nebit çykaryp başlady. Bu barada Owganystanyň Magdan we Nebit ministrligine salgylanyp, “TOLOnews” owgan teleýaýlymy şenbe güni habar berdi.
Owganystanyň Magdan we nebit ministri Şahabuddin Delewar bu ugurda nebit önümçiliginiň başlanmagynyň ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek üçin möhüm ädimdigini aýtdy.
Şeýle hem Şahabuddin Delewar nebit önümçiliginiň başlanmagy bilen sebitdäki guýulardan günde 100 tonna nebit çykarylmagyna garaşylýandygyny mälim etdi.
Owganystanyň Magdan we nebit senagaty ministrliginiň wekili Homayoun Owgan häziki wagtda Amyderýa sebitinde her gün takmynan 350 tonna nebit çykarmaga kuwwaty bolan dokuz sany guýynyň bardygyny habar berdi.
Owganystanyň Senagat we magdan edarasy nebit çykarylyşynyň başlanmagyny ýurduň öz-özüni üpjün etmegine oňyn ädim hökmünde görkezdi. Şol bir wagtyň özünde ykdysatçy Abdul Nasir Reştiýa nebiti gaýtadan işlemek we içerki islegi kanagatlandyrmak bilen bir hatarda eksport üçin gönükdirilen nebiti gaýtadan işleýän zawod gurmagy teklip etdi.
Owgan hökümeti Kaşkari nebit ýataklaryndan nebit çykarmak we ony gaýtadan işlemek üçin Hytaýyň milli nebit kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Owganystanyň Magdan we nebit ministrligi Hytaý kompaniýasynyň şu ýyl 162 million ABŞ dollaryny we ýakyn üç ýylyň dowamynda 540 million ABŞ dollaryny ýurduň çig nebit çykarmak pudagyna maýa goýjakdygyny mälim etdi.