Owganystanyň wagtlaýyn hökümetiniň metbugat sekretary Zabihullah Müjahid, ABŞ bilen Owganystanyň arasyndaky bolmagy ähtimal tussaglylaryň alyş-çalşygy barada Amu TV telewideniýe kanalyna beýannama berdi.
Müjahid tussaglaryň alyş-çalşygy barada gepleşikleriň dowam edýändigini, ýöne entek oňyn netije alynyp bilinmändigini belläp: "Owganystanda tussagly bolan amerikalylaryň ýerine Guantanamo tussaghanasynda saklanýan owgan tussaglylaryň azat edilmegini teklip etdik, emma ABŞ entek işe girişmedi" diýip habar berdi.
Owganystanda 2022-nji ýyldan bäri tussaglykda saklanýan Jorj Glezmann, Raýan Korbett we Mahmud Şah Habibi ýaly adamlaryň azat edilmegi bilen bagly taraplaryň arasynda eýýäm 6 aý bäri gepleşikler geçirilýär.
Ozal biri-birinden tapawutly metbugat organlarynda berilen habarlarda, Guantanamo tussaghanasynda saklanýan Muhammed Rahim al-Afganiniň ýerine, Owganystandaky tussaghanalarda saklanýan ABŞ-nyň raýatlarynyň azat edilmegi babatynda iki ýurduň arasynda gepleşikleriň dowam edýändigi habar berilipdi.