“Owganlaryň Pakistana Göçmeklerinden Gorkýarys”

“Owganlaryň Pakistana Göçmeklerinden Gorkýarys”

Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi, Owganystanda çaknyşyklaryň artmagyna alada bildirýändiklerini we çaknyşyklar sebäpli owganlaryň Pakistana göçmeklerinden gorkýandyklaryny aýtdy.

Ýurdunyň ozalky çaknyşyklar sebäpli millionlarça owgan bosguny kabul edendigini ýatladan Kureýşi, indi bosgun kabul eder ýaly mümkinçilikleriniň ýokdygyny belledi.

Kureýşi, Pakistanyň Owganystanda parahatçylygyň üpjün edilmegi baradaky diplomatik tagallaryny dowam etdirjekdigini we ýurdunyň demokratik ýollardan saýlanan hökümete goldaw berjekdigini we Owganystanda parahatçylygyň üpjün edilmeginiň ýurdunyň bähbide boljakdygyny ýatlatdy.

Owganystanda howpsyzlyk güýçleri bilen Talibanyň arasyndaky çaknyşyklar dowam edýär.

Owganystanyň Goranmak ministrligi, ýurtda 15 welaýatda Talibana garşy operasiýalaryň geçirilýändigini mälim etdi.

Taliban soňky 2 aýda 40-dan gowrak etrabyň gözegçiligini ele geçirdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Owganystandaky Mirasy
Türkiýe, Owganystanda Guralan Hüjümi Ýazgardy
Owganystanda Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DAEŞ Öz Üstüne Aldy
Eýran: "Taliban bilen gepleşikler geçirildi, meseleler çözüldi" diýdi
Eýran-Owganystan serhedinde çaknyşyklar boldy
JOINT STATEMENT FOLLOWING THE 4TH MEETING OF SPECIAL REPRESENTATIVES AND ENVOYS FOR AFGHANISTAN IN THE "CA-EU" FORMAT IN ASHGABAT
Owganystanyň tapawutly welaýatlarynda sil apatlary başdan geçirildi