'Owganlaryň durmuş şertleri we azatlyklary 'Talyban' astynda üç ýyl bäri ýaramazlaşýar' (1-nji bölüm)

'Owganlaryň durmuş şertleri we azatlyklary 'Talyban' astynda üç ýyl bäri ýaramazlaşýar' (1-nji bölüm)

Türkmenistanyň günorta-gündogar goňşusy Owganystanda üç ýyl bäri “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti höküm ýöredýär.

Eýsem, owgan halky, şol sanda Demirgazyk Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenler “Talyban” dolandyryşy astynda nähili durmuşa sezewar boldy?

Owganystanda nämeler üýtgedi, nämeler öňküliginde galdy? “Talyban” adam hukuklarynyň ýagdaýyna, raýatlaryň ykdysady, medeni we syýasy hukuklaryna nähili çemeleşdi?

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany owgan türkmenlerine bagyşlanýar. Gepleşimize ABŞ-da ýaşaýan owganystanly türkmen žurnalisti Şamerdanguly Myrady gatnaşýar.

Owganystanda “Talyban” toparynyň häkimiýeti ele geçirmeginiň üçünji ýyl dönüminden söhbet açýan bu gepleşikler tapgyrymyz iki bölümden ybarat bolar.Birinji bölümde owgan halkynyň, şol sanda etniki türkmenleriň “Talyban” astyndaky durmuşy, sosial we ykdysady hal-ýagdaýy barada, şeýle-de Türkmenistanyň hökümetiniň owgan häkimiýetleri bilen gatnaşyklary, bu ýagdaýyň Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenleriň durmuşyna ýetirýän täsiri, şeýle-de “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetiniň öz raýatlaryna berýän ýa-da bermeýän wadalary barada gürrüň ederis.

Şamerdanguly Myrady üç ýyl çemesi mundan ozal Owganystanda “Talyban” toparynyň häkimiýeti ele geçirmeginiň yz ýany, ýurtda media azatlygynyň gysylmagynyň arasynda, žurnalistleriň howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşmagy sebäpli, ýurdy terk etmeli boldy. Ol üç ýyl öňki wakalara ýurt içinde öz gözi bilen şaýat boldy.

Ýene degişli makalalar

'Owganlaryň durmuş şertleri we azatlyklary 'Talyban' astynda üç ýyl bäri ýaramazlaşýar' (2-nji bölüm)
Myrady: Türkmenleriň sesi bogulýar
ABŞ-da ýaşaýan owganystanly türkmen žurnalistiniň 'täze dünýädäki' durmuş tejribeleri
Türkiye Pakistanda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Myrady: Türkmenleriň sesi bogulýar - DT
Amyderýanyň ýakasyndaky sebitlerde suw akabalaryny çuňaldyş işlerine girişilýär