Türkmen tarapynyň çakylygy boýunça şu gün Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Amir Han Muttakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýetiniň Aşgabada sapary başlanýar.
Owganystanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, wekiliýetiň düzüminde Owganystanyň Magdan we nebit ministrliginiň, Demir ýol gullugynyň hem-de Energetika kompaniýasynyň wekilleri bar. Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça türkmen-owgan gepleşikleriniň geçirilmegine garaşylýar.