Owganystanyň serhetýaka welaýatlarynyň, şol sanda demirgazyk böleginiň ýaşaýjylary regiondaky söweşler zerarly öz öýlerini köpçülikleýin terk edýärler.
Gunduz welaýatynyň diňe Kalaýzal etrabynda 86 obany "Talyban" topary basyp alypdyr. Bu barada Azatlyk Radiosyna ýerli geňeşiniň deputaty Seýit Esedulla Sadat 17-nji maýda habar berdi.
Читайте также на русском
Söweşijileriň Gunduzda we beýleki serhetýaka regionlarda aprel aýynyň ortalaryndan bäri alyp barýan söweşleri zerarly tutuş obalaryň ýaşaýjylary, şol sanda türkmenler öz öýlerini terk edip bosguna öwrüldi.
Azatlygyň Owganystandaky habarçysy Şamerdanguly Myrady olaryň köpüsiniň örän agyr ýagdaýda we kömege mätäç halda galýandygyny, hökümet güýçleriniň olaryň howpsuzlygyny hem azyk üpjünçiligini berjaý edip bilmeýändigini habar berdi.
/*
initInfographics(
{
groups:[],
params:[],
isMobile:true
});
#GR-952-telegram {
outline:1px solid #DEE1E2;
height: 73px;
padding: 0px 10px;
float: none;
}
#GR-952-telegram img {
width: 60px;
}
#GR-952-telegram:hover {
outline: 2px solid #61a8de;
}
#GR-952-telegram .text {
margin-right: 20px;
text-align: center;
}
#GR-952-telegram span {
color: #61a8de;
}
#GR-952-telegram p {
font-size: 18px;
margin:0;
color: #7C858D;
line-height: 1.2;
}
@media (min-width: 640px) {
#GR-952-telegram p {
font-size: 21px;
}
#GR-952-telegram img {
width:130px;
}
}
Azatlyk Radiosynyň Telegram kanalyna ýazylyň
Soňky hepdelerde Demirgazyk Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetdeş Farýap we Jowuzjan welaýatlarynda hökümet güýçleriniň we ýaragly toparlaryň arasyndaky güýçli çaknyşyklaryň bolandygy habar berlipdi.
Howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşmagy zerarly, Farýap welaýatynyň Türkmenistan bilen serhedindäki Döwletabat etrabynyň Guraýyş we Çarşaňy atly türkmen obalarynyň ýaşaýjylary öz öýlerini terk edip, gaçyp çykdy.
12-nji maýda ýüzlerçe maşgala goňşy Jowuzjan welaýatynyň Guraýyş atly obasynyň daşynda ýerleşdi, olar ýaşamak üçin hiç bir şertsiz ýagdaýda galýar. Onlarça çagaly aýal maşga regionyň paýtagty Şybyrgan şäherine aşmagy başardy.
Mundan öň, maý aýynyň başynda Gunduz we Jowuzjan welaýatlarynyň onlarça obasyndan müňlerçe adam, şol sanda etniki türkmenler ýaragly söweşler zerarly öz oturan ýerlerinden göçmäge mejbur boldular.
/*
initInfographics(
{
groups:[],
params:[],
isMobile:true
});
#GR-1006-vpn {
outline:1px solid #DEE1E2;
height: 73px;
padding: 0px 10px;
margin-bottom: 15px;
}
#GR-1006-vpn img {
width:130px;
}
#GR-1006-vpn:hover {
outline:2px solid #ea6903;
}
#GR-1006-vpn .text {
margin-right: 20px;
text-align: center;
}
#GR-1006-vpn span {
color: #ea6903;
}
#GR-1006-vpn p {
font-size: 21px;
margin:0;
color: #7C858D;
line-height: 1.2;
}
Azatlyk Radiosynyň websaýtynyň petiklenmeýän görnüşi
Azatlyk Radiosynyň Owganystandaky habarçysy Şamerdanguly Myradynyň sözlerine görä, "Talybanyň" we beýleki toparlaryň basyp alan giňişliklerinden gaçyp çykan we bosguna öwrülen adamlaryň takyk sanyny hökümet hem bilmeýär. Emma çaklamalara görä, diňe bir Daşdahowdan atly ýerde müňlerçe adam jemlendi.
'Muňa lager hem diýip bolmaýar. Adamlar açyk meýdanda ýerleşdi. Olarda ne iýmit, ne geýim, ne-de ýaşamaga ýer bar. Olardan näçesiniň açlykdan we keselçilikden ýogalýandygy belli däl. Howpsuzlyk sebäplerinden hökümet we halkara guramalary, şol sanda 'Gyzyl haj' guramasy olara ýardam ýetirip bilmeýärler" diýip, Şamerdanguly Myrady aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ýerli ilat, şol sanda etnik türkmenler çörek we beýleki azyk önümlerini meýletin ýygnap, Daşdahowdandaky bosgunlara eltip berýärler.
/*
initInfographics(
{
groups:[],
params:[],
isMobile:true
});
#GR-952-news-app {
outline:1px solid #DEE1E2;
height: 73px;
padding: 0px 10px;
float: none;
}
#GR-952-news-app img {
display: none;
}
#GR-952-news-app:hover {
outline:2px solid #EA6903;
}
#GR-952-news-app .text {
margin-right: 20px;
text-align: center;
}
#GR-952-news-app span {
color: #EA6903;
}
#GR-952-news-app p {
font-size: 16px;
margin:0;
color: #7C858D;
line-height: 1.2;
}
@media (min-width: 480px) {
#GR-952-news-app p {
font-size: 18px;
}
#GR-952-news-app img {
display: block;
width: 72px;
}
}
@media (min-width: 640px) {
#GR-952-news-app p {
font-size: 20px;
}
#GR-952-news-app img {
width: 152px;
}
}
Azatlyk Radiosynyň mobil tilsimi Indiriň we soňky maglumatlar barada habarly boluň
Aprel aýynyň başynda "Talyban" topary öz söweşleriniň täze möwsümine başlandygyny yglan etdi. Şu ýyl bu ýaragly topar öz hüjümlerini "Handek" ady bilen amala aşyrýar.
Owganystanyň Gunduz, Jowuzjan, Farýap we Balh welaýatlarynda jemi 34 etrapda etniki türkmenleri köpçülik bolup ýaşaýarlar. Owganystanda ýaşaýan türkmenleriň takyk sany barada maglumat ýok, emma ýurtdaky türkmen diasporasy türkmenleriň sanynyň 3.5-4 million aralygynda bolmagyny çak edýär.
Farýap welaýatynyň 9 etraby, Jowuzjanyň 3 we Balhyň 1 etraby Türkmenistan bilen gönüden-göni serhetleşýär.
Türkmenistanyň Owganystan bilen 800 kilometrden gowrak umumy serhedi bar.