Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugrundaky Halkara elektrik energiýasy taslamalary bölüminiň başlygy Myrat Artykow Owganystanyň energetika we suw serişdeleri ministri wezipesini ýerine ýetiriji Molla Abdul Latif Mansur bilen duşuşdy.
Owganystanyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň habaryna görä, 18-nji sentýabrda bolan duşuşygyň barşynda taraplar TOP elektrik geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilişini we Hyratda durmuşa geçirilýän Nur ul-Jihad bekediniň döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Molla Abdul Latif Mansur transmilli elektrik geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak üçin Türkmenistan — Owganystan — Pakistan görnüşinde üçtaraplaýyn duşuşgy geçirmegiň zerurdygyny aýtdy.
M.Artykow hem öz gezeginde sebitleýin TOP taslamasy boýunça üçtaraplaýyn ýygnak geçirmek boýunça teklibi goldady. Şeýle hem, energetika we suw serişdeleri ministrliginiň ýolbaşçysyny Türkmenistanyň Owganystan bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirjekdigine ynandyrdy.
Bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi barada durup geçip, M.Artykow, Nur ul-Jihad bekediniň we Herat welaýatynda 110 kW elektrik geçiriji liniýasynyň gurluşygynyň geljek gyşda tamamlanjakdygyny aýtdy.
Ozal Owganystanyň Da Afghanistan Breshan Sherkat energiýa kompaniýasynyň Hyratdaky Nur ul-Jihad bekedini döwrebaplaşdyrmak boýunça işlere badalga berendigi barada habar beripdik.