Owgan resmileri türkmen wekiliýetini TOPH-yň howpsuzlyk meýilnamasy bilen tanyşdyrdylar

Owgan resmileri türkmen wekiliýetini TOPH-yň howpsuzlyk meýilnamasy bilen tanyşdyrdylar

Owganystanyň Içeri işler we Goranmak ministrlikleriniň wekilleri çarşenbe güni Kabulda geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezowy hem-de “TAPI Pipeline Company Ltd.” kompaniýasynyň direktory Muhammetmyrat Amanowy Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň howpsuzlyk meýilnamasy bilen tanyşdyrdylar.

Türkmenistanyň wekiliýeti howpsuzlyk resmilerine TOPH taslamasy boýunça amaly işleriň ýakyn günlerde başlajakdygyny aýtdy. Bu barada Owganystanyň onlaýn gazeti “Hasht-e Subh” penşenbe güni habar berdi.

Dünýäniň ikinji iň uly gaz gory bolan Galkynyş ýatagyndan Hindistanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşen Fazilka şäherine çenli uzaýan 1 müň 800 kilometrlik TOPH gaz geçirijisiniň ýylda 33 milliard kubmetr tebigy gazy daşamagyna garaşylýar.

TOPH gaz geçirijisiniň owgan bölegi ýurduň Türkmenistan bilen serhetleşýän demirgazyk sebitinden gözbaş alar we Hyrat şäheriniň üsti bilen Owganystanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşen Kandagar şäherine çenli uzar.

Ýene degişli makalalar

Kabulda TOPH taslamasynyň Owganystandaky böleginiň gurluşygynyň başlamagy ara alnyp maslahatlaşyldy
TOPH taslamasynyň çäginde Hyratda amaly işe girişmek meýilleşdirilýär
Aşgabat bilen Yslamabat TOPH taslamasynyň çaltlaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi
“TAPI Pipeline”: tebigy gaz uglerod zyňyndylarynyň azalmagyna ýardam berýär
TOPH taslamasynyň howpsuzlyk çäreleri onlaýn maslahatlaşyldy
Ýakynda Aşgabatda TOPH taslamasynyň ýolbaşçy komitetiniň mejlisi geçiriler