Kabulyň ýaşaýjylary suwuklandyrylan gazyň bahasynyň galmagyna aladalanýarlar. Muňa Türkmenistanda “mawy ýangyjyň” nyrhynyň ýokarlanmagy we eýran-owgan serhedindäki dartgynlylyk öz täsirini ýetirdi diýip TOLO News neşiri maglumat berýär.
Habarlara görä, suwuklandyrylan gazyň bir kilosy 11 afgani (0,10 dollar) gymmatlady.Ýöne,öňki we häzirki baha anyklaşdyrylmaýar.
“Save the Children” guramasynyň habaryna görä, 2021-nji ýylyň awgustynda Kabulda suwuklandyrylan gazyň bir litri 65 afgana deňdi.
Owganystanyň Söwda-senagat öýüniň (OSSÖ) habaryna görä, ýurtda gazyň bahasynyň ýokarlanmagynyň sebäbi iki faktor: Owganystanyň we Eýranyň araçäginde dartgynlylygyň ösmegi we Türkmenistanda gazyň bahasynyň galmagy.
Türkmenistanyň habar gulluklary we edaralarynyň metbugat gulluklary ýurtda gazyň nyrhynyň gymmatlandygyny habar bermeýärler.
“Gazyň bahasynyň birden ýokarlanmagynyň esasy sebäbi mundan öň Owganystan Eýrandan gaz satyn alýardy. Bizde suwuklandyrylan gazyň importynyň goşmaça iki çeşmesi bar: “Akina” (Türkmenistan) we “Haýraton”(Özbegistan) serhet geçelgeleri arkaly” diýip OSSÖ-niň başlygy Muhammet Ýunus Momand aýdýar.
Eýran we Merkezi Aziýa bu ýurda esasy tebigy gaz akdyrýanlar. Owganystanyň gaz şirketiniň mälim etmegine görä, bazaryň talaplaryny kanagatlandyrmak üçin bu ýurtlar bilen gepleşikler alynyp barylýar.
23-nji aprelde owgan serhetçileri öz ýurdynyň territoriýasynyň daşynda ýol gurmaga synanyşanlarynda, owgan-eýran araçäginde dartgynlylyk başlanypdy. Öz nobatynda Eýranly harby gullukçylar protest bildirdiler we sözli atyşmalar’ başlansoň, talyplar öz hereketlerini togtatdylar diýip Sputnik-Täjigistan ýazýar.The post Owgan KHS: Türkmenistanda suwuklandyrylan gazyň bahasynyň galmagy onuň Owganystanda hem artmagyna täsir etdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.