Dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan “Cirque du Soleil” sirk topary 1984-nji ýylyň 7-nji iýulynda Kanadanyň Monreal şäherinde döredilýär.Guý Lalibert bilen Žill Ste-Kroiksiň bilelikde esaslandyran bu topary “Cirque du Soleil” ýa-da “Gün sirki” diýlip atlandyrylýar.
Bu topar häzirki wagtda dünýäniň iň uly teatral topary hasaplanýar.Ilkibaşda bu güýmenje toparynyň ady “Les Echassiers”, ýagny “Suw ädigi” bolup, olar 1980-nji ýylda Kuebek şäherine syýahat çykyşlaryny gurapdyrlar.
Ol wagtlar resmi ýagdaýda topar hasap edilmändir. 1983-nji ýyldan başlap, Kanadanyň Sungat konsulynyň goldamagynda köçe görnüşinden hakyky sirk görnüşine geçirilýär we 1984-nji ýylyň 7-nji iýulynda-da resmi taýdan topar diýlip yglan edilýär.
Toparyň 1984-nji ýylda “Le Grand Tour du Cirque du Soleil’’ atly uly göwrümli görkezme çykyşlary tomaşa edenlerden uly alkyş alýar.Bu çykyş Kuebekde, beýleki şäherleriň dürli nokatlarynda gaýta-gaýta görkezilýär.
Toparyň ýolbaşçysy Lalibertiň Milli sirk mekdebinden Guý Karony işe almagyndan soň, toparyň şöhraty has-da artýar.Ol topara täzeçe öwüşgin getirýär.Onuň teatral, masgarabaz, dürli öwüşginli ussat keşpleri we aňrybaş eldekileşdirilen haýwanlar bilen bilelikdäki çykyşlary bu ady belli sirk toparynyň häzirkizaman äheňli, iň täze döwrüň sirki diýlip atlandyrylmagyna sebäp bolýar.“Cirque du Soleil”-iň owazasy 1990-njy 2010-njy ýyllar aralygynda has-da dünýä dolýar.
Kem-kemden ýaýrawy giňeýän topar şol ýyllarda Ýer şarynyň 271 şäherinde, Antraktidadan başga ähli yklymda 19 sahna çykyşyny halk köpçüligine hödürleýär.Bu çykyşlarda 4000 adam çykyş edip, olar 40-dan gowrak ýurduň raýatlarydyr. Şol döwürde 100 milliona golaý adam çykyşlara tomaşa edýär.Toparyň umumylykda çykyşlary barada söz açsak, iki bölekden ýagny, 30 minutlyk giriş, soňra 55 minutlyk birinji çykyş we 50 minutlyk ikinji çykyşdan ybaratdyr.
Adaty çykyşlar jemi 90 minuda çenli dowam edýär.Elbetde, kadadan çykýan ýagdaýlara hem gabat gelmek bolýar.Syýahat çykyşlarynda adatça hepdäniň dowamynda on sany çykyş bolup, bir gün “garaňky gün”diýlip atlandyrylýan boş güni bolýar.Toparyň üstünliklerine berlen baýraklar barada-da belläp geçsek, 1997-nji ýylda “Bambi”, 1989-njy ýylda “Rose d’Or”, 1991-nji, 1998-nji, 2013-nji ýyllarda “Drama Desk” ýaly halkara iri baýraklaryna mynasyp bolýar.
Bulardan başga-da, “Gemini” sylagyny 3, “Primetime Emmy” baýragyny 4 gezek gazanýar. 2011-nji ýylda topara Golliwuddaky Şöhratlylaryň alleýasynda-da ýyldyz berilýär.Häzirki wagtda toparda 5022 adam işleýär.
Topar şu wagta çenli 810 million dollardan gowrak girdeji gazandy.Toparyň şu wagta çenli hödürlän çykyşlarynyň iň ýatda galanlary şulardyr: “Le Grand Tour du Cirque du Soleil” (1984), “La Magie Continue” (1985), “Le Cirque Reinvente” (1987), “Fascination” (1992), “Knie Presents Cirque du Soleil” (1992), “Saltimbanco” (1992—2012), “Zumanity” (2003 …), “Corteo” (2005 …), “Ovo” (2009 …), “Totem” (2010 …), “Michael Jackson: One” (2013 …), “Toruk The First Flight” (2015 …), “Luzia” (2016 …), “Bazzar” (2018 …).
Topar käbir çykyşlaryny belli şahsyýetleriň durmuşyndan hem alýar.Bu çykyşlar, şoular dünýäniň onlarça şäherinde görkezildi, olaryň käbirleri häzirki günde-de tomaşaçylara ýetirilýär.Umuman alnanda, toparyň irki ýyllarda döreden çykyşlary häzirki wagtda-da görkezilmegini dowam edýär.
Topar käbir çykyşlaryny-da repertuaryndan aýyrdy.Sirk çykyşlaryny sahnalaşdyrýan, teatral sungata öwürýän bu topar öňümizdäki günlerde-de “X (The Land of Fantasy)” atly täze çykyşyň premýerasyny Hytaýyň Hançžou şäherinde halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirer.
Maýa ESENMYRADOWA,Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüşuniwersitetiň žurnalistika hünäriniň talyby.