Ahal welaýatynyň Owadandepe obasynda gurulýan tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça iri gaz himiýasy kärhanasynyň hünärmenleri kömekçi enjamlarda goýberiş-sazlaýyş işlerine girişdiler. Suw arassaýyş ulgamy, gözegçilik-barlag enjamlary üçin gysylan howa çykarýan we beýleki enjamlar synag edilýär.
“Türkmengaz” DK-niň Kawasaki Heavy Industries, Ltd. (Ýaponiýa) we Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Tiçaret Anonim Şirketi (Türkiýe) kompaniýalar konsorsiumy bilen baglaşan şertnamasyna laýyklykda toplumyň gurluşygy ýapon tarapynyň maýa goýumlarynyň we Döwlet konserniniň serişdeleriniň hasabyna alnyp barylýar.
Nebit motor ýangyjyna alternatiwa bolan ýokary hilli benzin öndürmek boýunça täze senagat läheňi ýurduň ykdysady ösüşine saldamly goşant goşmaga niýetlenendir.Dünýäniň ady belli kompaniýalarynyň iň täze enjamlary we Daniýanyň Haldor Topsоe kompaniýasynyň tehnologiýasy bilen üpjün edilen kärhanada ýylda Euro-5 ölçeginiň ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän 600 müň tonna ýokary hilli RON-92 belgili benzin çykarylar.
Toplumda 700-e golaý adam işlär.
Ýylda 1,785 milliard kubmetr tebigy gaz gaýtadan işlenilip, ýokary oktanly benzin çykarjak täze önümçiligiň gurluşyk işleri awgust aýynda tamamlanar. Kärhana 2018-nji ýylyň dekabrynda işe giriziler.