Owadandepe - Ahal welaýatynyň senagat merkezi

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginde ýerli çig maldan daşary ýurtlardan getirilýän önümlere derek ýurdumyzda öndürilýän harytlary çykarýan önümçilikleriň onlarçasy jemlenendir. Bu ýerde gurluşyk senagatynyň kärhanalary bar we iri gaz himiýasy toplumy gurulýar. Häzirkizaman senagat merkezi logistik düzümler, inženerçilik ulgamlary bilen üpjün edilen.

Ýerli agyr senagatyň ilkinjisi- Senagat minnistrligniň Türkmendemirönümleri kärhanasy 2009-njy ýylda işe girizildi. Kärhana dürli ölçeli gurluşyk armaturalarynyň, ugoloklaryň we şwellerleriň ençeme görnüşini öndürýär, mundan başga-da, nebit koksyndan grafiti senagat taýdan öndürmek mümkinçiligi öwrenilýär. Bu önümiň ilkinji tapgyry eýýäm kärhanada oturdylan synag enjamynda alyndy.

Döwrebap enjam bilen enjamlaşdyrylan kärhana iň ýokary dünýä ölçeglerine we ekologiýa howpsuzlygy talaplaryna laýyk gelýär. Ol daşary ýurtlarda öndürilýän önümleri ýurdumyzyň bazarlaryndan aýran köp islegli önüm çykarýar.

Senagat ministrliginiň Türkmenmermer“ Ýapyk görnüşli paýdarýar jemgyýetiniň mermer we granit işläp bejerýän kärhanasy Türkmenistanda bina edilýän köpsanly binalaryna gerekli bezeg materiallaryny öndürýär. Kärhananyň tehnologik ulgamy Italiýanyň Barsanti macchine firmasynyň ýokary öndürijilikli enjamlary bilen enjamlaşdyrylan. Önümçilikde ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar we ýerli çig mal ulanylýar. Iri döwlet gurluşyk kärhanlary onuň aljylarydyr we sarp edijilerdir.

Türkmenistanyň Senagat minstrliginiň gazbeton öndüýän kärhanasy 2010-njy ýylda ulanylmaga berildi.Onuň önümlerine çalt depginlerde ösýän gurluşyk senagatynda uly isleg bildirilýär.Kärhana daşary ýurtly we ýerli gurluşyk kompaniýalaryny, telekeçileri we ilaty bäsleşige ukyply gazbeton bloklary bilen üpjün edýär.

Kärhana döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen we Germaniýanyň WEHRHAHN firmasynyň tehnologiýalary boýunça işleýär. Önümçilik doly awtomatlaşdyrylan we onda ekologiýa taýdan arassa ýerli çig mal ulanylýar.Kärhananyň gazbeton bloklary türkmen paýtagtynyň Olimpiýa şäherçesi, täze Halkara aeroporty bina edilende ulanyldy.

Ministrliklerde we pudaklaýyn edaralarda, ylmy-barlag we taslama institutlarynda Owadandepede ýerli çig mal ulanylyp ýurt üçin täze önümleri çykarýan önümçilikleri döretmek boýunça işler dowam edilýär.

Tehnologik täzelikleriň arasynda float-usulda alynýan aýna önümçiligi hem bar.Bu tehnologiýa düzüminde kwars çägesini öndürýän zawody we aýna öndürýän fabrigi öz içine alýan senagat toplumynyň gurluşygynyň esasy boldy. 24 gektar ýerde çig mal mateilallaryny taýýýarlaýan seh, gaplyk we float-aýna, ony senagat taýdan gaýtadan işleýän enjamlar, ussahanalar, ammarlar, edara we hojalyk jaýlary guruldy.

Geljekde bu ýerde işlejekler üçin umumy ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi we ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi bina edildi.Ýylda 7,2 million inedördül metr aýna çykarmaga niýetlenen zawod önümleriň ýedi görnüşini, şol sanda dury we garaldylan, laminirlenen we aýnapaketleri taýýarlamak üçin taplanan, şeýle hem dürli görnüşşli gaplary, şol sanda bejergi dermanlar üçin çüýşejikleri çykarmaga niýetlenendir.

Kärhana şu harytlaryň daşary ýurtlardan getirilmesini ep-esli derejede azaltmaga we olary daşary ýurtlara ibermäge mümkinçilik berer.

Ýakyn wagtda Owadandepe gazhimiýasy pudagynyň iri merkezi bolar.Bu ýerde tebigy gazdan benzin öndürmek boýuça kärhana gurulýar.Iň täze enjamlar bilen üpjün edilen zawod ýylda 1 milliard 782 million kub metr gazy gaýtadan işläp, 600 müň tonna Euro-5 ölçege laýyk gelýän benzin çykarar. Şeýle hem ýylda 12 müň tonna dizel ýangyjy we 115 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndürmek hem göz öňünde tutular.

Bu kärhana dünýäde tebigy gazy gaýtadan işlemek esasynda ekologiýa taýdan arassa benzin çykarýan ilkinji kärhana bolar.

2015-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda Türkmengaz“ Döwlet konserni bilen LG International Corp., Hyundai Engineering Co, Ltd (Koreýa Respublikasy) we Itochu Corporation (Ýaponiýa) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň arasynda tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly sintetiki suwuk ýangyç öndürmek boýunça zawod gurmak barada şertnama baglaşyldy.

Täze kärhannayň taslama kuwwatlylygy ýylda 3,5 milliard kubmetr mawy ýangyjy“ gaýtadan işlemäge we 1,7 milllion tonna golaý önüm çykarmaga niýetlenendir.

Senagat kärhanalaryny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin Owadandepede umumy kuwwatlygy 504,4 MWt bolan täze gazturbina elektrik bekedi guruldy. Ol Owadandepäni ýurtda elektrik energiýasyny öndürýän iri merkezleriň birine öwürdi. Elektrik bekedi Owadandepäniň senagat düzümleriniň elektrik bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berdi we pudagyň eksport mümkinçiligini artdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Ýurdumyzda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 38 maýa goýum taslamasy hasaba alyndy
Ýaponiýa Türkmenistanyň ykdysadyýetine ABŞ-nyň 11 milliard dollary möçberinde maýa goýdy
Türkmenistanda täze nebit we dökün önümçilik zawodlarynyň gurulmagy meýilleşdirilýär
Türk kompaniýasy tebigy gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň taslamasyna goşuldy
Gökdepe etrabyndaky mermer we granit işlenilýän zawodda 263,8 göterim ösüş depgini üpjün edildi
Ykdysady jenaýatlara garşy göreş baradaky gulluk barlaglaryň netijesini aýan etdi