Towşan iň gowy görülýän eýjejik jandar hasaplanýar. Şol sebäpli ertekidir multfilmleriň baş gahrymany bolmak köplenç towşanyň paýyna düşýär. Uzyn gulakly bu jandaryň 50 töweregi görnüşi bar. Elbetde, olaryň hemmesi-de owadan. Muňa garamazdan, olaryň arasynda has tapawutlanýanlary bar. Olaryň käbirleri barada gyzykly maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris.
1 Nakysja golland towşany dünýäde iň eýjejik towşanjyk hasaplanýar.Agramy bary-ýogy 800-1000 gram aralygynda bolup, olaryň iň esasy aýratynlygy gulaklarynyň beýleki towşanlaryňky ýaly uzyn bolmazlygydyr.2 Ýolbars kelleli towşanyň boýnunda ýolbarsyňka meňzeş tüýleri bolýar.
Pezzerip duran bu tüýjagazlar olary has owadan görkezýär.3 Golland lop towşany öýdeçi jandarlaryň biri bolup, olaryň agramy 1,8 kilograma çenli bolýar.Bu jandar dünýäniň beýleki ýerlerine Gollandiýadan ýaýrapdyr.
Salpy gulaklary olary has owadan görkezýär.Lop towşanlarynyň açyk narynç, melewşe-çal, goýy goňur, ak reňklileri bar.Gysga aýakly bu towşanlaryň gulaklarynyň uzynlygy 12 santimetre ýetýär.4 Angora towşanynyň ady Türkiýäniň paýtagty Ankaranyň gadymy ady bilen baglanyşyklydyr.
Uzyn we mymyk tüýli, adatça, ak reňkli bolýan bu jandar häzirki wagtda dünýäniň köp ýerlerinde öý haýwany hökmünde saklanýar. Şeýle hem bu jandaryň esasy aýratynlygy onuň tüýüniň gyrkylyp, süýüm hökmünde peýdalanylmagydyr.
Onuň tüýi goýnuňka garanyňda iki esse ýyly hasaplanýar.Häzirki wagtda Hytaý, Fransiýa, Wengriýa, Argentina, Çili, Germaniýa, Braziliýa ýaly ýurtlarda bu towşanyň tüýüni almak üçin ony ýörite idedýärler.5 Jersiniň tüýli towşanynyň agramy 1-1,5 kg, dikgerip duran gulaklary 6 santimetrden uzynrak bolýar. Öýdeçi towşanlar edil pişikler ýaly oýunçyl bolmagy bilen tapawutlanýarlar.
Mymyjak tüýli jandar 7-10 ýyl töweregi ýaşaýar.Bakja önümlerini we miweleri halaýan bu jandarlar oýnawaç oýnamagy hem gowy görýärler.