Ot-iým ýok. Mallar hor. Metbugat 'rowaçlyk depregini' kakýar

Ot-iým ýok. Mallar hor. Metbugat 'rowaçlyk depregini' kakýar

Mary sebitiniň Ýolöten we Türkmengala etraplarynyň ýaşaýjylary çöldäki öri meýdanlarynda, çekene çopanlaryna bakdyrýan mallaryny gyssagly ýagdaýda öýlerine getirmäge başladylar. Hökümet tankytçylarynyň köpüsiniň pikirine görä, Türkmenistanda dowam edýän ot-iým ýetmezçiligi, ot-iým taýýarlajak adamlara ýol berilmezligi maldarlara, ýurduň azyk howpsuzlygyna urulýan agyr zarba bolup, onlarça ýyl bäri saklanyp galýar.

“Çopanym her gün diýen ýaly öz awtoulagyny münüp, çölüň içinde mal güýmejek ýer gözleýän, emma ot-çöp ýok diýýär” diýip, mallaryny meýdandan ýygnan ýaşaýjylaryň biri aýtdy. Bu Türkmenistanda her ýylyň gyşynda ýa-da ýyl gurak gelip, mallar hor düşüp başlanda görülýän soňky çäre bolup durýar.

Synçylar bu kynçylyklaryň 1990-njy ýyllardan başlanyp, şu güne çenli üýtgewsiz gaýtalanýandygyny, döwlet eýeçiligindäki metbugatda berilýän habarlaryň adamlaryň üstünden gülmek bolup görünýändigini aýdýarlar.

Marrydan gelen habar Balkandaky habarçymyzyň sebitiň döwlet eýeçiligindäki mallaryna we çopanlara abanýan howp-hatarlar barada beren maglumatynyň yz ýanyndan geldi.

Ýolöten we Türkmengala etraplarynyň öri meýdanlarynda bakylýan iri we ownuk şahly mallar ot-iým ýetmezçiliginden kösenýär diýip, Azatlygyň habarçysy ýerli maldarlara salgylanyp habar berdi.

Habarçy bilen anonimlik şertinde gürleşen mal eýeleriniň aýtmaklaryna görä, hor düşen mallar sowuga çydaman, meýdanda haram ölýär.

“Çölde 8 baş malym bardy. Çopan bir hepde öň jaň edip, bir sygrymyň açlykdan haram ölendigini aýtdy. Men ilki ynanmazlyk etdim. Siz gölejigini emdirtmän, süýdüni satyp, sygrymy horlap öldürensiňiz’ diýip, müňkürlik etdim. Ertesi çöldäki goşa baryp görsem, diňe meniňki däl, beýleki mallar hem gapyrgalaryny sanabermeli bolupdyr” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Uly ýük ulagyny tutup, mallaryny işigine getiren oba adamlarynyň biri habarçymyza “mallar gaty horlanypdyr, maşyna göterip ýükledik, işikdäki ýataga hem göterip saldyk” diýdi.

Aýdylmagyna görä, adamlaryň hojalygynda hem ýeterlik ot-iým ýa-da pul ýok, ýeke-täk çykalga tapan ýeriňden, ýagdaýy gowurak obadaşlaryňdan ot-iým ýa pul sorap, biraz özüne gelen mallary bazara çykarmak bolup görünýär.

“Häzir bazara çykarsam, hor düşen sygrymy bir goýnuň bahasyna satyp bilsem hem zor boldugym” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Azatlygyň habarçysy ýerli bazarlara aýlanyp, satlyga çykarylan goýunlaryň hem gaty hor görünýändigini habar berdi. Onuň sözlerine görä, çöldäki ýagdaý mallaryň barha kän bazara getirilmegine sebäp bolýar.

“Häzir Ýolöten, Murgap etraplarynyň bazarlaryna çölden getirilen goýunlar arzan bahadan satylýar. Uly, gurgun we et-ýagly goýunlaryň agramyna görä, mysal üçin her kilogramyna 32-33 manatdan baha kesilýän bolsa, çölden gelen mallaryň agramyna, kilogramyna görä däl-de, daşyndan görnüşine, ýagdaýyna görä baha kesilýär” diýip, habarçy aýtdy.

Bazarlardaky mal jellaplarynyň sözlerine görä, bazara çykarylan gurat goýunlaryň pesi 800 manatdan bahalanyp başlanýan bolsa, çölden getirilen goýunlaryň göwresiniň uly bolmagyna garamazdan, bahasy 400 manatdan başlanýar.

Habarçylarymyzyň ýazmagyna görä, şu ýyl günbatar we demirgazyk Türkmenistanda gyş sowuk we garly geldi, geçen ýylyň ýazy we tomsy gurak gelensoň, döwlet we hususy maldarlar ot-iým ätiýaçlygyny ýeterlik derejede edinip bilmediler, suwarymly ýerlerde bolanja ot-iým hem gaty gymmat bahadan satylýar.

Mysal üçin aýdylsa, Bereket we Gyzylarbat etraplarynda 1 kg künjara döwlet bahasyndan 10 esse gymmat satylýar, bugdaý kepegi hem 20 esse gymmat diýip, ýerli habarçymyz aýtdy.

Bu gezekki maldarçylyk krizisi öňki prezident, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çopan goşlarynyň birine sapar edip, mallaryň gyşdan sag-aman çykmagy üçin edilýän uly işleri ýene bir gezek tassyklamagynyň’ yz ýanyna gabat geldi.

Hökümet tankytçylarynyň köpüsiniň pikirine görä, Türkmenistanda dowam edýän ot-iým ýetmezçiligi, ot-iým taýýarlajak adamlara ýol berilmezligi maldarlara, ýurduň azyk howpsuzlygyna urulýan agyr zarba bolup, onlarça ýyl bäri saklanyp galýar. Emma häkimiýetler, döwlet eýeçiligindäki metbugat azyk howpsuzlygy üçin uly işleriň edilýändigini aýdyp, çuň ornaşan ykdysady çökgünligi inkär edýärler.

Ýaşuly aktiwist, ozalky diplomat Nurmuhammet Hanamow türkmen maldarçylygynyň Saparmyrat Nyýazow döwründen bäri agyr krizisi başdan geçirýändigini aýdýar.

"Bu birinji ýyl däl, Nyýazow döwründen başlap, şo döwürden şu güne çenli, gurak ýa sowuk ýyl gelende, mallar gyrlyp başlaýar" diýip, aktiwsit aýtdy.

Hanamowyň pikiriçe, bu meselede diňe bir çykalga bar, "mallar dok bolmaly, olaryň iýmini bol etmeli, ot-iým öndürjek, daşary ýurtlardan ot-iým getirjek adamlaryň ýoluny açmaly".

Türkmen häkimiýetleri Azatlygyň azyk howpsuzlygy meselesinde dörän kynçylyklar, zyýankeşlik we korrupsiýa baradaky habarlaryna hiç bir düşündiriş bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Çalsana, bagşy! atly telebäsleşigiň Mary welaýat tapgyry geçirildi
Dalaşgärleriň dykgatyna!
Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk sergisi geçirildi
Aşgabatda Bitaraplyk bagtyň baky bahary atly sergi geçiriler
Bitaraplyk bagtyň baky bahary atly sergi geçiriler
ALABAÝ TÜRKMENIŇ MILLI GYMMATLYGYDYR