Ostin: "Ysraýyl hüjüme sezewar galsa goldaw bereris" diýdi

Ostin: "Ysraýyl hüjüme sezewar galsa goldaw bereris" diýdi

Filippinlere guran saparynda metbugat işgärleri bilen geçirilen ýygnakda söz sözlän Lloýd Ostin, ABŞ-nyň Ysraýyla berýän goldawynyň üstünde durup geçdi.

Lloýd Ostin: "Urşuň gutulgysyzdygyny pikir etmeýärin. Emma Ysraýyl hüjüme sezewar galsa, elbetde Ysraýylyň goranmagyna kömek bereris" diýip aýtdy.

Ýagdaýyň bu nokada gelmegini islemändiklerini aýdan Ostin: "Bularyň hiçi biriniň bolmagyny islemeýäris. Bu babatda giň gerimli iş alyp barýarys, häzirki dartgynlygy gowşatmak we meseleleri diplomatik ýollar arkaly çözmäge kömek berjek zatlary edýäris" diýip habar berdi.

Lloýd Ostin Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýäniň Eýranda janyna kast edilmegi babatynda metbugata berilen habarlardan daşary hiç hili maglumatynyň bolmandygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ Ýakyn Gündogara Harby Uçar Gämisini Ugratdy
Ýaşar Güler Amerikaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
ABŞ-nyň Goranmak Ministri Ysraýylly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Çempionyň 50-nji ýeňşi
Ostin Diplomatik Tagallalaryny Dowam Etdirýär
Ýaşar Güler, NATO-nyň Goranmak Ministrleriniň Maslahatyna Gatnaşdy