ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostiniň Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamed Al Sani, Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet Ýolbaşçysy Muhammed bin Zaýed Al Nahýan we Saud Arabystanynyň Goranmak ministri Halid bin Salman bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi habar berildi.
ABŞ-nyň Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada Ostiniň geçiren telefon söhbetdeşliginde ABŞ-nyň adybir ýurtlar bilen ýaranlyklary we Ýakyn Gündogardaky wakalar hakynda pikir alyşandygy habar berildi.
Beýannamada Ostiniň Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamed Al Sani, Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet Ýolbaşçysy Muhammed bin Zaýed Al Nahýan we Saud Arabystanynyň Goranmak ministri Halid bin Salman bilen telefon arkaly söhbetdeşliklerinde ABŞ-nyň sebitdäki goranyş hyzmatdaşlyklaryna “tabynlygyny” we çaknyşyklaryň öňüniň alynmagy boýunça ygrarlylygyny nygtandygy mälim edildi.
Beýannamada, şeýle hem Ostiniň Saud Arabystanyň Goranmak ministrine Ýemende dowam edýän söweşi bes etmeklerini maslahat berendigi we kärdeşleriň gönüden hem-de milli howpsuzlyk gulluklary arkaly ýakyn gatnaşygy dowam etdirmek boýunça ylalaşandyklary mälim edilýär.