Osman Ödäýewiň doglan gününiň 70 ýyllygyna bagyşlanyp dabara geçirildi

Osman Ödäýewiň doglan gününiň 70 ýyllygyna bagyşlanyp dabara geçirildi

Kerki etrabynda Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, belli ýazyjy Osman Ödäýewiň doglan gününiň 70 ýyllygyna bagyşlanyp dabara geçirildi.

Türkmen gündogary gazetinde berilýän habara görä, okyjylara çuňňur mazmunly eserleriň 34 tomlugyny miras galdyran ýazyjynyň etrap medeniýet öýünde geçirilen dabarasyna ýurduň tanymal ýazyjy-şahyrlary, edebiýaty öwreniji alymlar, medeniýet we sungat işgärleri, belli bagşy-sazandalar, ýazyjynyň eserleriniň muşdaklarydyr bilim işgärleri gatnaşdylar.

Osman Ödäýewiň ömri we döredijiligi baradaky çykyşlar bu ýere ýygnanan edebiýat muşdaklarynda aýratyn täsir galdyrdy. Ömrüni edebi döredijilige bagyşlan Osman Ödäýewiň adynyň dogduk obasyndaky köçä, özüniň okan mekdebine dakylmagy hem-de bu ýerde heýkeliniň oturdylmagy ýazyja döwlet tarapyndan goýulýan belent sarpanyň ýüze çykmasydyr.

Çykyşlaryň ýazyjynyň okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanylan Altynjan hatyn romany esasynda döredilen dessandan parçalaryň aýdylmagy, medeniýet-sungat işgärleriniň şowhunly aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşmagy bu täsirli dabara aýratyn röwüş çaýdy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýazyjynyň manyly ömrüni, giň gerimli döredijilik dünýäsini açyp görkezýän öý-muzeýi bilen tanyşdylar diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly boksçy — Aziýanyň çempionatynyň kümüş baýragynyň eýesi
Türkmenistanly boksçy — Aziýanyň çempionatynyň kümüş baýragynyň eýesi
Türkmenistanly boksçy — Aziýanyň çempionatynyň kümüş baýragynyň eýesi
28.04.2018 | Türkmenistanly boksçy — Aziýanyň çempionatynyň kümüş baýragynyň eýesi
24.09.2017 | Oýunlarda Türkmenistanyň gazanan medallarynyň sany 200-den aşdy
23.09.2017 | Türkmen topary V Aziýa oýunlarynda umumy sanawda öňdeligi eýeläp gelýärler