“Oskaryň” iki gezek eýesi edebi ogurlykda günäli diýlip ykrar edildi

“Oskaryň” iki gezek eýesi edebi ogurlykda günäli diýlip ykrar edildi

Eýranyň kazyýeti ýerli kinorežissýor, “Oskar” baýragynyň iki gezek eýesi Asgar Farhadini “Gahryman” (Герой) atly soňky filminiň pikirini ogurlamakda günäli diýip höküm çykardy diýip, The Hollywood Reporter neşirine esaslanyp, MIR24 ýazýar.

Kinorežissýor onuň esasy ideýasyny özüniň öňki talyby Azade Masihzadeden ogurlapdyr, bu zenan mundan dört ýyl öň “Hemmeler ýeňiji, hemmeler ýeňlenler” (Все победители, все проигравшие) at bilen şol bir ýordumdaky dokumental filmi surata düşüripdir.

Indi ýene birnäçe günden hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri Farhadiniň nähili jeza çekmelidigini çözerler, olaryň biri: režissýoryň filmiň kinozallarda ýa-da internetdäki görkezilişlerinden gazanan girdejilerini Masihzadä bermeli bolmagy mümkin.

“Gahrymanyň” ilkini tanyşdyrylyşy geçen ýyl Kann kinofestiwalynda bolupdy, film festiwalyň eminler toparynyň Gran-pri baýragyna we Fransua Şaleniň baýragyna mynasyp boldy. Kinofilmiň dünýä prokatyndaky kassa ýygymlary 2,5 million dollara ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Fransiýadaky akkordeon önümçilikçi batandygyny yglan etdi
Ikinji möhlet üçin kasam kabul etdi
Emmanuel Makron ýaňadandan Prezident wezipesine saýlandy
Hemmelere elýeterli ulag bolar
Odre Azule ÝUNESKO-nyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy
Olimpiýa rekordy bilen başlap, Dünýä rekordy bilen tamamlady, 26 ýyllyk rekord täzelendi