Kino sungatynyň iň uly baýragy hasaplanýan 97-nji Oskar baýraklarynyň alypbaryjysy mälim edildi.Geljek ýylyň 2-nji martynda Los Anjelesdäki “Dolby” teatrda geçiriljek dabarany meşhur komediýaçy Konan O’Braýan alyp barar. 61 ýaşyndaky Konan O’Braýan karýerasy boýunça ilkinji gezek Oskaryň alypbaryjysy bolar.
Meşhur komediýaçy 1980-nji we 1990-njy ýyllarda “The Simpson” animasiýasynda hem-de “Saturday Night Live” gepleşiginde ssenari ýazyp, soňra 2021-nji ýyla çenli “The Tonight Show with Conan O’Brien” hem-de “Conan” tolkşow gepleşiklerini alyp bardy. 30 ýyldan gowrak karýerasy boýunça 31 gezek Emmy baýragyna dalaşgär görkezilen O’Braýan şolaryň 5-sinde heýkeljigi gazandy.
Ol häzirki wagtda “Conan O’Brien Must Go” atly syýahatçylyk gepleşigini alyp barýar. /* custom css */ .td_uid_15_673e7a362d747_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_673e7a362d747_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }