Orta guşaklyk Turan çöllügi boýunça resminama (nominasiýa dosýesi) toplumy taýýarlanýar

Orta guşaklyk Turan çöllügi boýunça resminama (nominasiýa dosýesi) toplumy taýýarlanýar

Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginde (OH we DGGM) bu edaranyň we Mihael Zukkowyň Merkezi Aziýanyň çöl boýunça başlangyjy atly tebigaty goramak gaznasynyň (MSF, Germaniýa) sebitleýin taslamasynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan onlaýn duşuşyk bolup geçdi.

Oňa Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Ýer baýlyklary boýunça gullugynyň, Garagumyň Bereketli we Kopetdag döwlet tebigy goraghanalarynyň wekilleri, ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky Milli kätiphanasy gatnaşdy. Duşuşyk Maýkl Zukkowyň Tebigaty goramak gaznasynyň, Greifswald uniwersitetiniň (Germaniýa) Botanika we landşaft ekologiýasy institutynyň we Tebigaty goramak boýunça halkara bileleşigiň (IUCN) bilermenleri bilen bilelikde geçirildi.

“Merkezi Aziýanyň çöl boýunça başlangyjy” atly sebitleýin taslama Gazagystanda, Türkmenistanda we Özbegistanda şol birwagtda durmuşa geçirilýär.Onuň maksady Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň çölleriniň biologik dürlüligini gorap saklamaga hem ekosistemasynyň funksiýalaryny ösdürmäge ýardam etmekdir.

Taslamanyň esasy düzüm böleklerinden biriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy we ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras sanawyna girizilmegi üçin, çöl ekosistemalary boýunça atlar (nominasiýa) dosýesini taýýarlamakdyr. Şunuň ýaly iş Türkmenistanda bir kysymly tebigy jisimler bilen ilkinji gezek amala aşyrylýar.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýanyň çöl boýunça başlangyjy atly tebigaty goramak gaznasy ara alnyp maslahatlaşyldy
Halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda Garagumuň ekoulgamyny saklap galmagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Sebitiň çöllük ekologik ulgamy ÝuNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň Sanawyna girizilmäge hödürlenilýär
Halkara ekologiýa forumuna gatnaşyjylar pikir we tejribe alyşdylar
Ýaşyl tehnologiýalar - halk hojalyk toplumyny ösdürmekde ileri tutulýan ugur