Orta Aziýa Ýurtlarynyň Gruziýa Bilen Gatnaşyklary

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwiliniň Orta Aziýa ýurtlaryna guran sapar we Gruziýa-Orta Aziýa gatnaşyklarynda ýetilen sepgit hakynda durup geçmek isleýäris.

Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili iýul aýynyň ikinji ýarymynda Özbegistana, Türkmenistana we Gazagystana resmi sapar gurady. Garibaşwili 2022-nji ýylyň 18-nji iýulynda Özbegistana barýar. Irakli Garibaşwili ilki Täze Özbegistan seýilgähine baryp Garaşsyzlyk ýadygärligine gül desselerini goýdy. Garibaşwili we gruzin wekiliýeti soň ýokary tehnologik önümleriň öndürilýän Tehnoparka baryp gördüler.

Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili 2022-nji ýylyň 19-njy iýylynda özbek kärdeşi Abdulla Aripow bilen ikiçäk we toparara duşuşyklar geçirdi. Şol guşuşyklarda esasan ykdysady gatnaşyklar hakynda pikir alyşyldy.

Taraplar Gruziýanyň portlaryndan özbek harytlarynyň Ýewropa eksport edilme mümkinçilikleri hakynda durup geçdiler.Irakli Garibaşwili şol gün Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.Liderler söwda, ulaglar we logistika ugurlarynyň başda durmagynda ençeme pudakda bilelikdäki taslamalaryň düzülmegi hakynda pikir alyşdylar.

Resmi saparyň çäginde geçirilen duşuşyklarda Özbegistan-Gruziýa Hökümetara toparyň maslahatynyň geçirilmegi hem-de ikitaraply hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi boýunça ylalaşyk gazanyldy.

Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili 19-njy iýulda Türkmenstana bardy. Garibaşwili 20-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Liderler iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagy, bilelikdäki taslamalar we Gruziýa bilen Türkmenistanyň üstaşyr geçiş potensialy hakynda pikir alyşdylar.

Gruziýanyň Premýer ministri Irakli Garibaşwili 2022-nji ýylyň iýul aýynyň 26-27-si aralygynda Gazagystana resmi sapar gurady.Irakli Garibaşwili 27-nji iýulda Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Jomart Tokaýew bilen duşuşdy.

Liderler ulaglar, logistika, söwda we syýahatçylyk pudaklarynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşdylar.Irakli Garibaşwili şol gün gazak premýer-ministri Aliham Smailow bilen özara we toparara duşuşyklar geçirdi.

Taraplar duşuşykda söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk, iki taraply maýa goýumlaryň we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi, iki ýurduň syýahatçylyk potensialynyň ösdürilmegi, goşmaça uçar saparlarynyň açylmagy hem-de medeni hyzmatdaşlyk ugurlarynda pikir alyşdylar.

Duşuşykdan soň ykdyasdy we ulaglar pudaklarynda konstruktiw hyzmatdaşlyk etmek hakynda iki ylalaşyga we 2023-2026-njy ýyllaryň aralygynda Gazagystan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmegi hakyndaky meýilnama gol çekişildi.

Gruziýanyň Orta Aziýa ýurtlary bilen ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek islemegi ýöne ýere däl.Sebäbi häzirki wagta çenli Ýewropa bilen gatnaşyklaryny ösdüren Gruziýanyň beýgelýän Aziýa bilen hem gatnaşyklary kadalaşdyrmagy möhüm.

Russiýa-Günbatar gatnaşyklarynyň dartgynlaşmagy gündogar-günbatar geçelgesinde Gruziýa uly şertleri hödürleýär.Gruziýa hem Türkiýäniň hem-de Gara deňiziň üstaşyr günbatara açylýan esasy gapylardan biri bolmak isleýär. Şol sebäpli Garibaşwili Orta Aziýa saparynda ýurdunyň üstaşyr geçiş potensialyndan peýdalanmagy teklip etdi.

Ýene degişli makalalar

Gruziýanyň Premýer-ministri Ysraýyla Bardy
Gruziýadaky ýer süýşgüninde ýogalan adamlaryň sany artdy
Ýewraziýa Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Ýewraziýa sebitinde ýerleşýän döwletleriň gün tertibiniň  ileri tutulýan ugurlary
Gruziýa jahankeşdeligi ösdürmäge bäş ýylda milliard lari goýbermekçi
Geçen hepde Türki döwletlerde möhüm saparlar guraldy we duşuşyklar geçirildi