Gazagystanyň paýtagty Nur Soltan şäherinde Daşary işler ministri Muhtar Tileuberdiniň ýer eýeçilik etmeginde geçirilen "Orta Aziýa we Hytaý Daşary işler ministrleriň 3-nji maslahatyna" Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Jeenbek Kulubaýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Özbegistanyň Daşary işler ministriniň wekili Wladimir Norow, Täjigistanyň Transport ministri Azim Ibrahim we Hytaýyň Daşary işler ministri Wan I gatnaşdy.
Taraplar maslahatda Orta Aziýa döwletleri bilen Hytaýyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has hem giňeldilmeginiň sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň goralmagy bilen birlikde durnukly durmuş-ykdysady galkynyşynda möhümdigini beýan etdiler.
Maslahatda Orta Aziýa döwletleri bilen Hytaýyň arasynda howpsuzlyk, transport we logistika, energetika, senagat, howanyň üýtgemegine garşy göreş, ýaşyl ykdysadyýet, maglumat senagaty, saglygy goraýyş, bilim, syýahatçylyk, medeniýet we beýleki strategik ugurlary öz düzüminde jemleýän meýilnama tassyklandy.
Gazagystanyň Daşary işler ministri Muhtar Tileuberdi maslahatda eden çykyşynda: "Dialog formatyndaky maslahatymyzyň çäginde, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy berkitmek, onuň möhüm mümkinçiligini ýüze çykarmak we Orta Aziýa sebitini parahatçylyk, dostluk, köptaraplaýyn goldaw, dowamly galkynyş bilen sazlaşyk ugrundaky gyzyklanmalarymyzyň üstünde ýene-de bir gezek durup geçdik" diýip habar berdi.
Hytaýyň Daşary işler ministri Wan I bolsa ýurdunyň Orta Aziýa ýurtlary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny giňletmek isleýändigini beýan etdi.
Wan I Hytaý-Ýewropa liniýasynyň howpsuz we durnukly işleýişini üpjün etjekdiklerini mälim etdi.