
Ukraina öz giňişliginde rus goşunlarynyň üç ýyl bäri alyp barýan söweşlerinde wepat bolan raýatlarynyň hatyrasyna matam tutýarka, dünýä liderleri ukrain hökümetine ýardamyny tassyklaýarlar, adaty raýatlar bolsa, öz garaşsyzlygyny goraýan Ukraina goldaw bildirip, dünýäniň ýüzlerçe şäherinde parahatçylykly demonstrasiýalary geçirýärler. Türkmen hökümeti Orsýetiň Ukrainada alyp barýan urşy barada syýasy pozisiýasyny yglan etmekden saklanýar, emma ýurt raýatlary näme pikir edýär?
2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýanyň Ukraina garşy giň gerimli urşa başlanyna üç ýyl boldy.
Türkmenistanda bu barada resmi habar berilmeýär. Döwlet telewideniýesi we metbugaty urşuň barýandygy, onuň sebäpleri hem-de uruş bilen bagly real ýagdaýlar barada dymýar. Emma türkmenistanlylar Ukrainadaky ýagdaýdan habarly, olaryň öz garaýyşlary we öz pikirini paýlaşmaga islegleri bar.
Azatlygyň ýurt içindäki habarçylaryna urşuň ilkinji günlerinden başlap Ukrainada bolup geçen wakalary öz gözleri bilen gören, şol ýerde bilim alan we ýaşan türkmenistanlylar bilen gürleşmek hem başartdy. Olardan biri, Harkowda birnäçe ýyl okan we Türkmenistana gaýdyp baran söhbetdeşimiz öz başdan geçirenlerini şeýle ýatlady:
"2022-nji ýylyň fewralynda Ukrainanyň çägine raketalar atylyp başlananda, men Ukrainada ýaşaýardym. Ilçihana tarapyndan kömek bolmanlygy sebäpli, Ýewropa ýurduna geçmeli bolduk we ol ýerden kynçylyk bilen Türkmenistana dolandyk. Ýewropada Türkmenistana dolanmagy islemeýän türkmenleriň aglabasy heniz resmi däl ýagdaýda ýaşaýarlar. Türkmenistanda biz köp ýyl Russiýanyň propagandasyny eşitdik, emma Ukrainada biz hakyky ýagdaýa şaýat bolduk."
Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan türkmenistanlylar ýurtda rus propagandasynyň täsiriniň güýçli duýulýandygyny we ilatyň pikirlerine hem uly täsir edýändigini, şeýle-de bolsa, adamlarda hakykata düşünmek islegleriň uludygyny bellediler.
"Ukrainaly dostlarymyz bize urşuň sebäplerini, Donbasdaky hadysalary we 2014-nji ýylda Russiýa tarapyndan Krymyň basylyp alynandygyny düşündirdiler. Ene-atalarymyz rus kanallarynda berilýän habarlar esasynda bize bir zat diýýärdiler, emma biz hakykatlary Ukrainada ýaşap, öz gözümiz bilen gördük" diýip, çeşmeleriň ýene biri aýtdy.
Türkmenistanda internet çäklendirilýär we garaşsyz habarlar köpçülige elýeterli däl, köp adam uruş barada takyk maglumat alyp bilmeýär we Russiýanyň maglumat çeşmelerine bil baglaýar diýip, Russiýada bilim alan aşgabatly öz pikirlerini paýlaşdy.
"Köp adam rus kanallaryndan maglumat alýar. Şonuň üçin olar 'Ukraina NATO bilen birlikde Russiýa howp saldy' diýen propaganda ynanýarlar.Emma urşuň başlanmagy bilen öň NATO-nyň agzasy bolmadyk, Russiýa bilen serhetleşýän Ýewropa ýurtlary harby birleşige agza boldular.
Bu zatlary ene-atalarymyza düşündirmek kyn.Olar SSSR döwründe önüp-ösen we elmydama ruslaryň tarapdary bolýarlar" diýip, ýene bir türkmenistanly öz pikirini beýan etdi.
Ukrainada bilim alan türkmenistanlylar bu uruşda kim dogry, kim ýalňyş diýen mesele diskussiýa edilende Ukrainany goldaýarlar. Ukrainada bilim alan we Polşa göçen Jennet (ady üýtgedilen) bu barada şeýle diýar:
"Ukrainler öz watanyny goraýar. Russiýa bolsa bir döwletiň ýerini basyp almak isledi. Şol sebäpden biz köp türkmenistanly dostlarymyz bilen Ukrainany goldadyk. Käbirlerimiz hatda uruş başlanda Kiýewdäki dostlarymyza pul kömegini berip, olaryň şäherden çykmagyna ýardam etdik. Ýöne köp türkmenler bu konflikt babatynda pikir ýöretmeýärler. Sebäbi olaryň aladasy diňe güzeran aýlamak."
Azatlygyň Balkandaky habarçysynyň maglumatyna görä, günbatar welaýatyň ýaşaýjylary hem şu günler Ukrainadaky uruş barada pikir alyşýarlar.
"Balkanda köp adam ABŞ-nyň Orsýet bilen gepleşik geçirmek boýunça edýän çykyşlaryna Ukraina ýardam elini yza çekmegi hökmünde garaýarlar. Ukrainanyň syýasy ýagdaýyň gurbany bolandygyny aýdyp, olar ukrain halkyna gaty gynanýarlar" diýip, balkanly çeşme aýdýar.
ABŞ-nyň administrasiýasy iki tarapdan - Ukrainadan we Russiýadan eglişik talap edip, konfliktiň tiz gutarmagyny isleýär. ÝB öz pozisiýasyna ygrarlydygyny, "näçe wagt gerek bolsa" Ukrainany goldamagyň zerurdygyny we Kiýewiň oňaýsyz şertnamalara goşulmaly däldigini mälim etdi.
Türkmenistanyň hökümeti tapgyr üçünji ýyl Ukrainadaky uruş barada resmi pozisiýasyny yglan etmän gelýär. Ýurduň media serişdeleri hatda uruşuň barýandygyny bir gezek hem agzamady. Urşuň başlanan ýyly türkmen mediasy Ukrainanyň Türkmenistandaky ilçisi bilen interwýuny çap etdi, emma onda urşa degişli hiç bir maglumat berilmedi.
Türkmenistanyň döwlet gözegçiligindäki “Bitarap Türkmenistan” merkezi gazeti 2022-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda çap eden Ukrainanyň Aşgabatdaky ilçisi Wiktor Maýko bilen söhbetdeşliginde Türkmenistanyň Ukraina 26-njy aprelinde ynsanperwer ýardam ibermek bilen "şeýle agyr döwürde ukrain halkyna uly raýdaşlyk görkezendigini” mälim etdi.
Şeýle-de, Türkmenistanyň Ukraina 2023-nji ýylda hem ynsanperwer kömek ugradandygy habar berildi. Şol ýylyň iýul aýynda türkmen metbugaty Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän gaznanyň adyna Ukrainadan hoşallyk hatynyň gelendigini, gaznanyň howandarlyga mätäç ukrain çagalaryna hemaýat berendigini mälim etdi.
Türkmenistanyň resmi pozisiýasy mälim edilmese-de, soňky üç ýylda ýurtda Ukrainadaky uruş bilen bagly resmi görnüşde bolmadyk, emma gytaklaýyn çäreler görüldi.
2022-nji ýylyň dekabrynda Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary häkimiýetleriň orsýetçilik propagandasynyň güýçlendirendigini we ilatdan Ukrainadaky uruş barada günbatar maglumatlaryny okamazlygy talap edýändigini habar beripdi. Ýörite ýygnaklar okuw jaýlarynda, bilim edaralarynda we beýleki döwlet edara-kärhanalarynda geçirilipdi.
"Jemgyýetçilik guramalarynyň we aýallar geňeşiniň agzalary ýerli edara-kärhanalarynda bir-birden aýlanyp çykyş edýärler, şol sanda günbatar metbugatynyň Ukrainadaky uruş barada berýän maglumatlaryny okamazlyga ündeýärler" diýip, habarçymyz gürrüň beripdi.
Soňky üç ýylyň dowamynda Orsýete gidýän türkmen raýatlarynyň Türkmenistandan çykmak mümkinçiligi esli çäklendirildi. Migrasiýa gullugyndaky çeşmeler türkmen häkimiýetleriniň raýatlaryň Ukrainadaky urşa gatnaşmagynyň öňüni aljak bolýandygyny Azatlyga habar beripdi.
Ukrainadaky söweşlerde hem ukrain goşunynda, hem-de rus goşunynda söweşen türkmenleriň birnäçesi barada habar berildi. Media serişdelerine mälim bolan ýagdaýlarda Russiýada harby gulluga çekilip, urşa ugradylan türkmen raýatlarynyň rus pasportyna eýe bolmak mümkinçiligi sebäp hökmünde görkezilipdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.