MTS Türkmenistandan has giňişleýin talabyny öňe sürüp, indi 1,5 milliard dollar talap edýär. Bu barada MTS kompaniýasyna salgylanyp, Interfaks agentligi habar berýär.
"MTS-iň umumy ýitgileri häzirki wagtda 1,5 milliard dollar möçberinde kesgitlenýär. MTS özüniň kanagatlandyrýan netijä gelinýänçä we hakyky öwezini dolýança öz talaplaryny arbitražda aýgytly goramakçy" diýip Interfaks MTS kompaniýasynyň beýanatyny sitirleýär.
2018-nji ýylyň iýulynda MTS Türkmenistandan şikaýat edip, Dünýä bankynyň ýanyndaky maýa goýumlara degişli dawalara seredýän Halkara merkezine ýüz tutdy we Türkmenistanyň häkimiýetlerini özüniň "MTS Türkmenistan" kompaniýasyny ýurtdan gysyp çykarmakda aýyplady.
MTS 2017-nji ýylda Türkmenistanda öz işini bes etmäge mejbur boldy we şonda öz çeken zyýanyny 750 million dollar möçberinde kesgitledi.
MTS-iň metbugat-gullugy kompaniýanyň Türkmenistandan talap edýän pulunyň möçberiniň artdyrylmagyny 2019-njy ýylyň mart aýynyň aýagynda geçirilen "soňky garaşsyz hasap" bilen düşündirdiler diýip, Interfaks habar berýär. Maglumata görä MTS-iň arzynyň serediljek wagty bellenmändir.
Mart aýynda kompaniýanyň wise-prezidenti we "MTS daşary ýurt kompaniýalary" biznes-birliginiň müdiri Andreý Smelkow häzirki wagtda Türkmenistanda ulgamyň sökülýändigini we biznesi soňlamak boýunça işleriň geçirilýändigini, tiz wagtda kompaniýanyň ýok edilmegine girişiljekdigini gürrüň beripdi diýip, Interfaks habar berýär.
MTS Türkmenistandaky müşderilerine öz hyzmatlaryny 2017-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda togtatdy.
Şonda MTS-iň metbugat-wekili Dmitriý Solodownikow Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde kompaniýanyň Türkmenistandaky işini dowam etdirmegi üçin, Aşgabadyň birnäçe rugsat dokumentlerini uzaltmandygyny aýdypdy.
Orsýet kompaniýasy Türkmenistandaky işi bes eden pursadynda abonentleriniň sanynyň 1 million 700 müň bolandygyny aýdypdy.
Reuters agentliginiň maglumatyna görä, MTS-iň Türkmenistandaky şirketiniň girdejisi kompaniýasynyň umumy girdejisiniň çak bilen 1%-ni emele getiripdir.
Türkmenistanda 2006-njy ýyldan başlap işlän MTS Türkmenistany halkara suduna ilkinji gezek bermeýär. Mundan öň 2011-nji ýylda maýa goýumlara degişli Halkara merkeziniň MTS kompaniýasynyň Türkmenistanyň hökümetine garşy arzyny hasaba alandygy habar berlipdi.
MTS 2010-njy ýylda-da Türkmenistandaky işini bes etmeli bolupdy. Şonda kompaniýa öz lisenziýasynyň togtadylmagynyň "doly delillendirilmändigini" aýdypdy. Emma soňra 2012-nji ýylda kompaniýa türkmen bazaryna gaýdyp bardy we ikinji gezek onuň işi 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda togtadyldy.
2011-nji ýylyň mart aýynda MTS kompaniýasy öz daşary ýurtly paýdarlaryna açyk hat bilen ýüzlenip, Türkmenistana maýa ýatyrylmagyna ynamsyzlyk bildiripdi.
2011-nji ýylyň başynda MTS Türkmenistandaky işini bes etmäge mejbur bolandygy zerarly 600 million dollar möçberinde zyýan çekendigini aýdypdy. Kompaniýanyň halkara arbitražyna ýüz tutup, Türkmenistandan eden arzy taraplaryň özara düşünişmeginiň netijesinde çözülip, 2012-nji ýylyň awgust aýynda MTS türkmen bazaryna dolanypdy.
2017-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň ýurtdan gysylyp çykarlan "MTS-Türkmenistan" kompaniýasynyň ýerine "Aý-Nazar" atly täze mobil ulgamyny döretmegi planlaşdyrýandygy barada maglumatlar peýda boldy.
Türkmenistanyň habar serişdeleri bu ideýanyň ýurduň prezidenti tarapyndan goldanandygyny habar beripdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.