Orsýete barýan türkmen raýatlary Türkmenistandan çykmakda kynçylyk çekýär

Orsýete barýan türkmen raýatlary Türkmenistandan çykmakda kynçylyk çekýär

Türkmenistandan Orsýete barýan türkmen raýatlary Aşgabadyň halkara aeroportunda uçara münmekde kynçylyk çekýär. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy soňky günlerde bolan ýagdaýlar barada maglumat berýär.

Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedikleriň aglabasyna migrasiýa işgärleri olarda Orsýetden Türkmenistana yzyna awiabiletleriň ýokdugy barada düşündiriş beripdir. Emma ýerli awiakompaniýanyň işgärleriniň habarçymyza anonimlik şertinde beren maglumatynda Moskwa-Aşgabat we Gazan-Aşgabat ugurlary boýunça uçar biletlerini diňe Russiýanyň çäginde alyp bolýandygy aýtdylar.

Soňky günlerde Aşgabatdan Moskwa uçmakçy bolan, emma uçara goýberilmedik türkmen raýatlary iş, täjirçilik, syýahatçylyk wizalary bilen gitmekçi bolupdyr.

Bu ýagdaý Türkmenistandan daşary ýurtlara barýan türkmen raýatlarynyň serhetden geçmekde dürli kynçylyklara duçar bolýan wagtyna gabat geldi. Sentýabrda Orsýete syýahatçylyk wizasy bilen barýan türkmen raýatlarynyň uçardan düşürilmegi bilen bagly ýagdaýlar köpeldi. Mundan öň ýolagçylara uçara goýberilmezliginiň sebäpleri köplenç düşündirilmedi ýa-da "pasportyňy kompýuter okap bilenok" diýen ýaly sebäpler görkezildi.

Bu aralykda Orsýetiň Daşary işler ministrligi raýatlaryň iki ýurt arasyndaky syýahatçylygyny çäklendirmek hakynda gepleşik alyp barmaýandygyny mälim etdi.

"Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda raýatlarynyň özara hereketini çäklendirmek maksady bilen gepleşikleriň alnyp barylmaýandygyny ýene bir gezek nygtaýarys" diýlip, rus mediasynyň 28-nji sentýabrda çap eden habarynda aýdylýar we bu beýanatyň Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň hamala syýahatçylyk wizalaryny bermegini bes edendigi baradaky maglumatyň habar beriş serişdelerinde çap edilmegi bilen baglanyşyklydygy bellendi.

Şeýle-de bu beýanatda Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň hemişeki ýaly işleýändigi aýdylýar. "Soňky iki hepdäniň dowamynda takmynan 6000 wiza berildi, olaryň 2800-si bilim, 2200-si bolsa syýahatçylyk wizasy. Elektron nobat ulgamyny ulanyp, wiza almak üçin oktýabr aýyna 8000 töweregi adam ýazyldy" diýlip maglumatda aýdyldy.

Türkmen häkimiýetlerinden raýatlaryň Orsýete gitmekde duçar bolýan kynçylyklary barada resmi maglumat bolmady. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden teswir almak synanyşygy oňyn netije bermedi.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň paýtagtyň syýahatçylyk kärhanalarynda we Döwlet migrasiýa gullugynda işleýän ygtybarly çeşmelerden anyklamagyna görä, syýahatçylyk kärhanalaryna awgust aýyndan bäri Orsýete wiza alyp bermek üçin dokument kabul etmezlik tabşyrylypdyr.

"Bize hökümetden gelen birnäçe emeldar mundan beýläk Russiýa ugry boýunça syýahatçylyk işimiziň doly togtadyljakdygy, 2025-nji ýyldan başlap bolsa, umuman daşary ýurtlara syýahatçylyga gitmekde türkmen raýatlaryna edýän hyzmatlarymyzyň hem doly ýatyryljakdygy aýdyldy.

Munuň ornuna diňe ýurt içindäki syýahatçylyk, häkimiýetiň razylygy we sargydy bilen gelýän örän seýrek daşary ýurtly resmi delegasiýalara we syýahatçylara hyzmat etmeli boljagymyzy duýdurdylar.Iň möhüm we adatdan daşary ýagdaýda hökümetiň özüniň ýollanmasy bilen daşary ýurtlara syýahatçylyk wizasyny almaly döwlet emeldarlaryna hyzmat etmeklige taýýarlanmalydygymyzy aýtdylar" - diýip, aşgabatly syýahatçylyk hünärmeni anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Aşgabadyň aeroportunda ýolagçylaryň halkara reýslerine münmekdäki kynçylyklary studentleriň we býujet işgärleriniň daşary ýurt pasportlarynyň ellerinden alynmagy baradaky habarlaryň yzýanyna gabat geldi.

Türkmenistanyň raýatlary ýurduň daşyna çykmakda ýyllarboýy kynçylyk çekip gelýär. Iki ýyla uzan pasport nobatlary, uçar biletleriniň gytçylygy, wiza almak üçin talaplaryň köpelmegi we sebäbini düşündirmezden uçardan düşürilmegi ýaly ýagdaýlar dowam edýär.

Soňky wagtda türkmen raýatlarynyň arasynda Orsýete gitmek islegleriň artmagy bu ýurtda Merkezi Aziýaly migrantlara garşy duýgularyň güýçlenen wagtyna gabat geldi. Rus häkimiýetleri migrantlary köpçülikleýin deportasiýa edýän wagtynda, merkezi aziýalylaryň Ukrainadaky urşa ugradylmagy bilen bagly wakalar köpelýär.

Beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary ýaňy-ýakynda öz raýatlaryna Orsýete gitmezligi maslahat berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Orsýete barýan türkmen raýatlary Türkmenistandan çykmakda kynçylyk çekýär
Balkanly býujet işgärleri we studentler dynç güni köpçülikleýin pagta çekildi
Mugallymlardan sapaklarda prezidentiň syýasatyny wasp etmek talap edildi
Özbek mekdebinde dörän dil hadysasy Moskwa bilen güýçli çekeleşik döretdi
HSM: Russiýa işlemäge baran türkmen raýaty mejbury ýagdaýda söweş meýdanyna äkidildi
Balkanyň býujet işgärleriniň biometriki pasportlary ellerinden alynýar