Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi özüne gowuşmaly 300 million rubl ($4,8 milliondan gowrak) bahasy bolan ýüki almady.Bu ýük IHC BEAVER modelindäki dizel zemnsnarýadynyň jemleýji böleklerinden ybaratdy we Peterburgyň üstünden gaýtadan ugradylanda ýitirim boldy diýip, 14-nji maýda 78.ru habar berdi.
Deslapky maglumata görä, tehnikany ugratmak bilen üç kompaniýa meşgullanypdyr. Olaryň birinjisi ýüki Ýaroslawlda resmileşdiripdir. Ikinjisi hem, dokumentlere laýyklykda, ýüki ýükläpdir. Emma ol gümrük postuna baryp ýetmändir.
Häzir bu ýerde nämeleriň bolup geçendigini Orsýetiň derňew komiteti derňeýär. Konteýnerleriň geçen ýoly boýunça barlag geçirilýär.