Orsýetdäki festiwalda baýrak alan türkmen atly ýigitlerini “Arkadaga şöhrat” diýen gykylyk bilen garşy aldylar

“Galkynyş“ milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň “Türkmen jigitleri“ toparynyň agzalaryndan ybarat birleşen topar “Fontankada” I halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşyp, üstünlik gazandy.

Pygy Baýramdurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen atly ýigitleri “Altyn Gaetano” diýen üç baýragyň birine mynasyp boldy diýip, 28-nji maýda Культура telekanaly habar berdi.

Peterburgdaky festiwalyň gran-pri baýragyna “Arslanlaryň imperiýasy” attraksiony bilen rus tälimçisi Witaliý Smolýanes mynasyp boldy. “Altyn Gaetano” baýraklarynyň beýleki ikisini Hytaýly we Demirgazyk Koreýaly akrobatlar aldylar.

29-njy maýda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen çapyksuwarlaryna gutlag hatyny ýollady.

Ýeňijileri Aşgabat aeroportunda baýramçylyk dabaralary we sazly sahnalar bilen garşy aldylar.

Türkmen telewideniýesiniň kadrlaryndan görnüşine görä, sirk artistlerini garşylan mähelle “Arkaga şöhrat” diýip gygyryşdylar.

Atlylar paýtagda awtomobil hereketi togtadylan prospekt bilen Döwlet sirkine çenli ýöriş etdiler diýip, TDH habar berýär.

Soňra dabara sirkiň binasynda dowam etdi. Ol ýerde ýeňijileriň hormatyna konsert hem berildi.

“Fontankada” I halkara sirk sungaty festiwaly 24-27-nji maýda geçirildi. Konkursa Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň we Afrikanyň 11 ýurdundan 200 artist gatnaşdy.

1 of 4

Ýene degişli makalalar

Pygy Baýramdurdyýew: sylaga “Galkynyş” toparyny ussatlygyna berlen ýokary baha diýip düşünýärin
10.07.2018 | Türkmen gimnastikaçysy Aziýanyň ýaňy festiwalynyň baýragyna mynasyp boldy
Türkmen gimnastikaçysy Aziýanyň ýaňy festiwalynyň baýragyna mynasyp boldy
02.09.2018 | Türkmen atçylygy — dünýä metbugatynyň sahypasynda
08.06.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa