Orsýet global internet bilen baglanyşygyny wagtlaýyn kesmegi planlaşdyrýar

Orsýet global internet bilen baglanyşygyny wagtlaýyn kesmegi planlaşdyrýar

Özüniň kiber hüjümlerinden goranyş ukybyny synagdan geçirýän Orsýet öňümizdäki hepdelerde global Internet bilen baglanyşygyny wagtlaýyn kesmegi planlaşdyrýar.Rus mediasynyň 11-nji fewralda habar bermegine görä, Orsýeti daşarky kiber dünýäsi bilen baglanyşdyrýan ähli maglumat ýollaryny baglajak synag, entek berlen belli bir sene bolmasa-da, 1-nji aprelden bärde bolar. Çet ýurtly operatorlara elýeterlik bolman halatynda Internetiň rus böleginiň öz erkine işlemegini kepillendirmek zerurlygy boýunça 14-nji dekabrda bir kanun taslamasy Döwlet Dumasynyň garamagyna berildi.

Taslama oňlanan halatynda kanuna laýyklykda, “RUnet” diýip tanalýan ýerli Internetden Orsýetde telekommunikasiýalary düzgünleşdiriji “Roskomnadzor” tarapyndan dolandyrylýan çalşyk nokatlaryndan geçmek talap ediler.Kanun taslamasyna berkidilen bellikde berilýän düşündirişde kommunikasiýalar baradaky kanun üçin işlenip taýýarlanan üýtgetmelerde “Birleşen Ştatlaryň 2018-nji ýyla degişli milli kiber howpsuzlygy baradaky strategiýasynyň agressiw häsiýetiniň göz öňünde tutulandygy” aýdylýar.

Sistema güýje gireninden soňra Orsýeti kiber urşundan gorar, şol bir wagtyň özünde-de ýurtdaky Internet gatnawyny elekden geçirer.Taslamada aýdylmagyna görä, gatnaw çeşmeleriniň niredendigini anyklamak üçin Internetiň Orsýet böleginde “tehniki enjamlar” ýerleşdiriler.

Zerur bolan halatynda gadagan maglumatlary öz içine alýan onlaýn serişdelerine bolan elýeterligi şol “tehniki enjamlar” bilen çäklendirip bolar diýlip, kanun taslamasynda aýdylýar. Şeýle-de, Orsýet özüniň milli domain-at-operator (DNS) sistemasyny esaslandyrar.

Internete çatylan kompýuterler, hyzmatlar we beýleki serişdeler ýa hususy ulgamlar üçin merkezden daşlaşdyrylan bu atlandyrma sistemasy maglumatlaryň Internete haýsy kompýuterden goşulýandygyny anyklamaga kömek eder. 11-nji fewralda habar gullugy “Interfaks” “RUnetiň” dowamly işleýşi hakdaky taslamanyň Döwlet Dumasynyň 12-nji fewralda geçmeli mejlisiniň güntertibine girizilendigini habar berdi. Öten ýyl mart aýynda Putiniň Internet boýunça şol wagtky maslahatçysy German Klimenko günbatar ýurtlary Orsýeti ähli elýeterlilikden kesen halatynda ol özüniň Internet bölegine taýýarlykly bolar diýdi.

Orsýet Günbatarda geçýän saýlawlarda agzalalyk döretmek we olara garyşmak üçin Internetden aýratyn-da “Facebook” we “Twitter” ýaly sosial ulgamlardan peýdalanyp, kiber hüjümlerini amala aşyrmakda aýyplanýar.Sosial ulgamlar hem muňa garşylyk görkezip, galp maglumatlary ýaýratmak üçin nädogry atlary ulanýan “troll hojalyklary” diýilýänleri saýlap taşlamak üçin berk iş alyp barýarlar.

Ýene degişli makalalar

Lebapda kafe-barlaryň işi wagtlaýyn çäklendirilýär
Mugallymçylyk institutynyň talyplary: Mugallym taýak bilen dabanymyza we bilimize urýar
Türkmenistan: Adam hukuklary babatda esasy wakalara we tendensiýalara syn
15.12.2018 | Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi açyldy
Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi açyldy
Prezident 'oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini' tassyklady, synçylar 'sistemany üýtgetmeli' diýýär