Ornitologlaryň gözegçiliglindäki Maýsa atly gara depeli tekejyllyk Türkmenistanda düşläp geçdi

Güýz aýlary Garagum derýasynyň howdanlarynda, derýalaryň kenarlaryndaky jeňňelliklerde, Türkmen kölüniň zeýakabalarynyň töwereginde, Hazaryň ýalpak aýlaglarynda we beýleki iýmitli ýerlerde demirgazyk ýurtlarda ýaşaýan hem köpelýän, gyşlamaga günorta ýurtlara göç edýän guşlar gabat gelýär.

Olaryň köpüsi üstümizden ötüp gitse, bir bölegi ýaza çenli ýurdymyzda galýar.Guşlaryň awgustdan noýabra çenli dowam edýän ötegçilik döwri indi tamamlandy.Durnalar Tejen derýasynyň kenaryndaky Durnaly we Amyderýanyň sag kenaryndaky Tallymerjen ýaly öz öwrenişen “gonalgalaryna” geldiler.

Türkmen ekologlary olaryň bu ýere gelendigini hasaba aldylar. Ýurdumyzyň günbatarynda ilkinji sowuk akym suwda-batgada ýaşaýan guşlary birneme günorta, Hazar döwlet goraghanasynyň uçastoklarynyň biriniň ýerleşýän ýeri - Esenguly etrabyna tarap süýşmäge mejbur etdi.

Ekologlar mundan beýlägem gyşlaýan guşlara gözegçilik ederler.

Tebigaty goraýyş edarasynyň hünärmenleri seýrek duşýan hem-de “Gyzyl kitaba” girizilen guşlara ötüp gidýän we gyşlaýan döwri dynç almaga şertler döredýärler, çäreleriň ählisi Türkmenistanyň goşulşan dürli sebit we halkara ylalaşyklarydyr konwensiýalarynyň düzgünleriniň talaplaryna jogap berýär. Şeýle seýrek guşlaryň biri hem diňe Russiýada we Gazagystanda ýaşaýan Tebigaty goramagyň Halkara birleşiginiň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Gyzyl sanawyna girizilen çulukşekilliler maşgalasyndan gara depeli boz tekejyllykdyr.

Bu guşuň dünýä populýasiýasynyň üçden biri her ýyl güýzde we ýazda günorta Türkmenistanyň üstünden geçýär, güýzde bolsa Özbegistan bilen serhetleşýän Lebap welaýatynyň Tallymerjen peýdalanylýan ýeriniň sähralarynda saklanýar.Indi birnäçe ýyl bäri RSPB halkara topary iki ýurduň territoriýasynda oňa gözegçilik edýär.

Şu ýylyň güýzünde alymlara emeli hemra arkaly gözegçilige alnan Maýsa atly tekejyllygy surata düşürmek başartdy.Bilelikdäki ornitologik gözegçilik tekejyllyklar günorta göçüp gidýänçä dowam etdiriler.Daşky gurşawy goramak we ýer serişdelri baradaky döwlet komitetiniň hem-de Beýik Britaniýanyň Guşlary goramak Şalyk jemgyýetiniň (RSPB) arasyndaky ylalaşygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän “Türkmenistanda guşlaryň we tutuş bioköpdürlüligiň goraglylyk derejesini gowulandyrmak” taslamasynyň ýolbaşçysy, biologiýa ylymlarynyň doktory, professor Eldar RUSTAMOW bu barada anyk gürrüň berýär:

-Bu guşlaryň mekan tutan ýerleriniň biri Merkezi Gazagystandyr, ol ýerde käbir guşlara höwürtgeleýän döwri emeli hemradan gözegçilik etmek üçin ýeňiljek enjam dakylýar. Şeýlelik bilen, olaryň sürüsiniň nirä gidenligine gözegçilik edip bolýär, çünki tekejyllyk süri bolup gezýän jandar. Şeýle hem dessine olaryň nirdedigini bilip, olary sanap we guşlara gözegçilik edip bolýar.

Tekejyllyklar hemişe gyşlaýan ýeri bolan Pakistana ugraýança Tallymerjende dynç almak we iýmitlenmek üçin dört-alty hepde düşleýärler. Ýol ugruna Aziýanyň iň beýik dag depeleriniň biri Hindiguşdan aşýarlar. Şu ýylyň güýzünde Maýsa atly tekejyllyga gözegçilik edildi, oňa 2015-nji ýylyň iýunynda berkidilen maglumat beriji enjamjyk, bu guşlaryň şu görnüşiniň ýurdumyza 21-nji sentýabrda gelendigini anyklamaga mümkinçilik berdi.

Türkmen we özbek ornitologlary bir wagtda guşlara gözegçilik etdiler. 8-nji oktýabra olaryň sany aňryçäge - 3354-e ýetdi. Özbek kärdeşlerimiziň maglumatlaryna görä, 10-njy oktýabra bu ýerde 4060 guş düşläpdir.

Amyderýanyň Türkmenistana degişli sag kenarynda guşlar adatça iýmitlenseler, Özbegistanyň Tallimarjan howdanynda dynç alýardylar.Bu ýagdaý oktýabryň ahyryna çenli dowam etdi. 3-nji noýabrda guşlar bu ýerlerden göterildiler, 5-nji noýabrda Maýsa atly guşuň Pakistana aşandygy belli boldy.

Ol indiki ýylyň martyna çenli şol ýerde galar.

Meýdan barlaglaryna gatnaşanlaryň, indi birnäçe ýyl bäri olara bolgariýaly ornitolog Peter Ýankow hem goşulýar, aýtmagyna görä, häzirki wagtda halkara we milli bilermenleriň topary hasabat taýýarlaýar, onda “Tallymerjen” esasy ornitologik meýdanyna degişli tebigaty goraýyş derejesini bermegiň zerurlygy delillendiriler.

Ýene degişli makalalar

25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Maslahatda bioköpdürliligi saklap galmaga üns berildi
Maslahatda bioköpdürliligi saklap galmaga üns berildi
Tallymerjen töweregi durnalaryň we beýleki suwda-batgada ýaşaýan guşlaryň mekany halkara derejesini aldy
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanda guşlary hasaba almagyň gyşky möwsümi tamamlandy