Orkestriň ýaňy

Orkestriň ýaňy

Halkara Bitaraplyk gününiň baýram edilýän aýynyň başynda, 4-nji dekabrda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda, Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramyna bagyşlanan Galkynyş türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti boldy.

Halkara onlaýn çäresiniň konsertiniň başynda gutlag sözleri bilen çykyş eden Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow we Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň prezidenti Neda Berger bu halkara çäresiniň guramaçylykly geçirilmegi barada beren giň goldaw-hemaýatlary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyşly sözlerini beýan etdiler.

Olar türkmen-awstriýa doganlyk-dostluk gatnaşyklarynyň ösdürilýändigi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk baýramynyň halkara derejesinde bellenilişi, eziz Diýarymyzda alnyp barylýan dost-doganlyk syýasaty hakynda durup geçip, bu halkara çäresine gatnaşyjylaryň ählisine sagbolsunlar aýdyp, olary we beýlekileri Garaşsyz Türkmenistanyň halkara Bitaraplyk gününiň ýigrimi bäş ýyllygy bilen gutladylar.

Soňra Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde Ý. Ştrausyň Gök Dunaý eseri ýaňlandy, Galkynyş türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň Awstriýa düzümi tarapyndan ýerine ýetirilen R.Nepesowyň Fantaziýa eseriniň wideogörkezilişi boldy. Şeýle-de R.

Rejebowyň Jemalyň daragty çeper filminde ýaňlanan sazy, W.A.Mosartyň Gijeki serenada, Nury Halmämmedowyň Nar agajy, Şükür bagşy çeper filminde ýaňlanan sazlary, Ý. Ştrausyň Polka eseriniň ýaňlanmagy bilen konsertiň jemi jemlendi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen paýtagtyndan Dunaýyň kenarlaryna çenli wideoköpri
Türkmen paýtagtyndan Dunaýyň kenarlaryna çenli wideoköpri
Wenanyň meri we gubernatory Wena balyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Wena balyna gutlag
Arkadag şäherinde ýurdumyzyň baý medeni durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýan VI Wena baly açyldy
07.12.2018 | Türkmenistan — Awstriýa: dostlugyň we sungatyň simfoniýasy