Orban Kiýewe Sapar Etdi

Orban Kiýewe Sapar Etdi

ÝB-niň Ukraina kömek bermegini ýygy-ýygydan tankyd eden Wengriýanyň Premýer-ministri Wktor Orban, ÝB-niň döwürleýin başlyklygyny Belgiýadan kabul edip alandan birnäçe gün soň Kiýewe bardy.

Zelenskiý we Orban özara duşuşykdan soň bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Wladimir Zelenskiýden 2022-nji ýyldan bäri dowam edän uruşyň beýleki tarapy Russiýa bilen ýaraşyk gepleşikleriniň depginini ýokarlandyrjak hüjümleriň bes edilmegi boýunça şertleri seljermegini islän Orban, ýurdunyň Ukraina bilen özara gatnaşyklaryny hasam ösdürmek isleýändigini we Ukrainanyň ykdysdyýetiniň döwrebaplaşdyrylmagyna goşant goşmaga taýýardygyny aýtdy.

Wiktor Orban; “Geçmişdäki ähli düşnüşmezliklerini ýapmaga we geljege gönükmäge çalyşýarys. Ýurtlarymyzyň arasynda gatnaşyk açmak isleýäris, beýleki goňşy ýurtlar bilen bolan ylalaşyklara meňzeş global hyzmatdaşlyk şertnamalaryny Ukraina bilen hem baglaşmak isleýäris. Bar bolan şertlere görä Ukrainanyň ykdysadyýetiniň döwrebaplaşdyrylmagyna goşant goşmak isleýäris” diýdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ Ukraina Godlawyny Dowam Etdirer
Russiýa Ukraina hüjüm guramaga dowam edýär
Zelenskiý Ukrainanyň täze ballistik raketa synagyny geçirendigini habar berdi
Wiktor Orban Kiýewe bardy
Blinken Kiýewe Bardy
Ukraina Goşmaça Goldawlar Gelýär