Oraza bilen bagly Aşgabadyň dükanlarynda mätäçlere mugtyna harytlar paýlanýar,emma,isleýänleriň diňe az sanlysyna ýetýär

Oraza bilen bagly Aşgabadyň dükanlarynda mätäçlere mugtyna harytlar paýlanýar,emma,isleýänleriň diňe az sanlysyna ýetýär

Mukaddes Oraza aýynyň dowamynda (şu ýyl ol 2-nji aprelden 2-nji maýa çenli dowam edýär) mätäçlere kömek etmek adaty bar. Oraza aýynda Aşgabatdaky hususy dükanlarda ynsanperwerlik çäreleri geçirilýär, metjitlerde mätäçlere pul paýlanýar diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler.

Hususy telekeçiler mugtyna günortanlyk nahar berýärler ýa-da azyk önümleri we harytlary paýlaýarlar. Şeýle çäreler barada ilata dükanlaryň we kafeleriň eýeleri internet arkaly habar berýärler.

2-nji aprelde “Parahat 2/1” ýaşaýyş etrapçasyndaky “Sport” dükany mätäçlere çaga eşikleriniň paýlanjakdygyny yglan etdi.Ir bilen şäheriň dürli künjeginden ýüzlerçe adam dükanyň öňüne ýygnandylar.Günortana çenli bu maksat üçin aýrylan harytlar paýlanyp gutardy.

Kime ýetmedik bolsa, olar täze tapgyra garaşmaga başladylar.Hatda, satyjylar indi harytlaryň paýlanmajakdygyny duýdursalarda, adamlar ýene iki günläp dükana gatnadylar.

“Magistralnoýe” köçesindäki “Hoşwagt” azyk dükany maýyplara azyk önümleriniň paýlanjakdygyny yglan etdi.

7-nji aprelde ol ýerä birnäçe ýüz adam ýygnandy.

Ilki gelen 10-12 adama paket paýlanandan soňra, nobata durmak düzgüni bozuldy: adamlar dükana girmäge dyrjaşdylar, itekleşme başlandy. Satyjylar dükany ýapmaga mejbur boldylar.

Maýyplar we dükana gelip bilmedikleriň hossarlary öýlerinde iýmäge owkatyň tas ýokdygy üçin azyk önümlerini paýlamagy dowam etmegi dükanyň eýesinden soradylar.

Dükanyň işçileri adamlaryň adresini,özüniň, atasynyň adyny ýazyp, sanaw düzdiler we azyk önümlerini öýlerine eltmegi söz berdiler.

Şol bir wagtda,namaza baran barly adamlaryň beren pullary metjitlerde paýlanýar we uzyn nobatlar bar.Metjide berilýän sadakalara baglylykda mätäçlere 30-50 manatdan paýlanýar.

The post Oraza bilen bagly Aşgabadyň dükanlarynda mätäçlere mugtyna harytlar paýlanýar,emma,isleýänleriň diňe az sanlysyna ýetýär first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat-Daşoguz gara ýolunda bolan ulag hadysasynda dokuz adam heläk boldy
18.08.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Magistral turbageçiriji ulag desgalarynyň gorag zolaklarynyň Tertibi hakynda resminama taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar
Owganystanyň üstünden gaz geçiriji gurmak: hakyky proýektmi ýa-da hyýal?
2018-nji ýylda Owadandepede tebigy gazdan benzin öndürýän kärhana işe giriziler