Türkmenistanda hamana, pornografiýany ýaýradanlykda aýyplap, Balkanabadyň ýaşaýjysy Serýeý Babanyýazowy iki ýyl möhlete azatlykdan mahrum etdiler.
Emma, “Türkmen.news” neşiriniň maglumatyna görä, Babanyýazowyň türmä basylmagynyň sebäbi, ol türkmen oppozisionerleriniň “ÝuTube” kanalyndaky roliklerine tomaşa etdi we oňa kommentariýa ýazdy.
43 ýaşly Babanyýazowa 164-nji madda “pornografiýa predmetlerini taýýarlamak ýa-da ýaýratmak” boýunça aýyplama ýöňkeldi.
Ol özüne berilen möhleti eýýäm, LB-E/12 koloniýasynda takmynan, 8 aý bäri ýerine ýetirýär.
Türkmenistanda haýsyda bir raýat oppozisiýa toparlary ýa-da garaşsyz neşirler bilen islendik gatnaşyga girse, onda ol toslama aýyplamalar bilen azatlykdan mahrum edilýär.
Mysal üçin, 2020-nji ýylda 26 ýaşly Nurgeldi Halykowy kezzapçylykda aýyplap, 4 ýyl möhlete türme tussaglygyna höküm etdiler. Ol BSG-niň Türkmenistana sapar eden toparynyň dynç alýan myhmanhanasynda çekilen suratyny neşire ýollapdy.
Şeýlede 2016-njy ýylda Gaspar Matalaýew hem kezzapçylykda aýyplanypdy. Bu pagta meýdanlary barada onuň surat reportažy çap edilenden birnäçe gün soňra bolupdy.
Şu ýylyň iýulynda bolsa, neşire parahorlyk barada gürrüň beren Hursanaý Ismatullaýewany ýygnadylar. Olam kezzapçylykda günälenýär.
2021-nji ýylyň awgustynda aktiwist Myrat Düşemow 4 ýyl möhlete türme tussaglygyna höküm edildi.
Myrat 108-nji madda “Saglyga orta agyrlykda bilkastlaýyn zeper ýetirmekde” we 232-nji madda “Talaňçylykda” aýyplandy.
Ol mundan iki aý owal Aşgabatdaky hassahananyň işgärlerinden koronawirus sanjymyny etmegiň düzgünleri barada soraglar berýändigi we nämä esaslanyp sanjymyň edilýändigi barada buýrugy görkezmegi soraýandygy bilen bagly wideýo ýazgysyny “ÝuTube” kanalynda goýupdy.The post Oppozisionerleriň “ÝuTube” roliklerine kommentariýalar ýazan raýaty pornografiýa ýaýradanlykda aýyplap, iki ýyl möhlete höküm etdiler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.