Oppozision blogçy Farhat Durdyýewe Türkiýeden Türkmenistana ugradylmak howpy abanýar 

Oppozision blogçy Farhat Durdyýewe Türkiýeden Türkmenistana ugradylmak howpy abanýar 

Dört gün ozal Stambulda tussag edilen türkmen blogçy Farhat Meýmankuliýew Türkmenistana deportasiýa edilmek howpy astynda. Farhat Durdyýew ady bilen YouTube kanalynda çykyş edip, türkmen hökümetini ýiti tankytlamagy bilen tanalýan blogçy 19-njy maýda agşam Stambulda tussag edildi.

Soňky günlerde Farhat Meýmankulyýewiň Türkmenistana deportasiýa edilendigi barada çap bolan gapma-garşylykly maglumatlaryň arasynda onuň 23-nji maýda soňky gezek Stambulyň polisiýa bölümine soraga alnyp barylandygy we soň näbelli ýere äkidilip, şondan soň ondan aklawçylaryň habar alyp bilmändigi mälim boldy.

Blogeriň tussag edilmeginden soňky ykbalyny ýakyndan yzarlaýan daşary ýurtdaky türkmen oppozisiýasynyň wekili Myrat Gurbanow blogeriň 23-nji maýda polisiýa bölüminden deportasiýa etmek üçin alnyp gidilendigini Azatlyk Radiosyna habar berdi.

"Şu gün Farhady getirdiler welaýat polis bölümine.Emma onuň ýanyna adwokaty goýbermediler.Soňky doprosa adwokat goýberilmedi. Şol ýerden ony sagat 16:00 töwereginde deportasiýa ugratjak diýip, alyp gitdiler.

Ony ýa Tuzla, ýa-da aeroporta äkideris diýip aýtdylar.Hökümetler özara şertnamasynyň esasynda ugradyp bilýärler.Biz barlap gördük agşam 20:30-da "Turk howaýollarynyň" uçary we irden "Türkmen howaýollarynyň" reýsi bar eken.

Adwokat bilen biziň oglanlarymyz Tuzla gitdiler, ol ýerde Farhat ýok ekeni.Adwokat şok astynda, ol kanunyň bular ýaly bozulanyny öň görmändir.Indi adwokat aeroporta baryp, şol ýerde anyklajak bolýar" diýip, Myrat Gurbanow aýdýar.

Gurbanow Farhat Durdyýewiň Türkmenistana alnyp gidiljegine çynlakaý howpuň bardygyny aýtdy we Türkmenistanda onuň janyna uly howpuň abanýandygyna aladalanma bildirdi: "Biz indi şonuň yzynda göreşmeli bolarys. Biz haklara guramalary bilen gürleşeris".

23-nji maýda öýlän adam hukuklaryny goraýjy "Türkmen Helsinki Fondy" Farhat Meýmankulyýewiň 20-nji maýda Türkmenistana deportasiýa edilendigini habar berdi.

"Çeşmämiziň habaryna görä, 19-njy maý, anna güni agşam türk polisiýasy tarapyndan tussag edilen Farhat Meýmankuliýew (Durdyýew) 20-nji maý, şenbe güni Türkmenistana deportasiýa edildi. Ýerli aklawçy aktiwistlere 'muny Türkiýäniň bütewi kompýuter ulgamynda görmek bolýar, oňa tussag edilenler barada ähli maglumatlar girizilýär' diýdi. Şol gün Stambuldan Aşgabada iki reýs amala aşyryldy "Türkmen howa ýollarynyň" ýolagçy uçary sagat 17:40-da we 20:30-da bir "Türk howaýollarynyň" uçary" diýlip, THF-nyň habarynda aýdylýar.

Mundan öň "Türkmen.news" onlaýn neşiri bloger Farhat Meýmankulyeýwiň Türkmenistana deportasiýa edilen bolmagynyň ähtimaldygy barada habar beripdi.

Farhat Durdyýew ady bilen çykyş edip, türkmen hökümetini ýiti tankytlamagy bilen tanalýan blogçy 19-njy maýda agşam sagat 9 töweregi öýünde tussag edildi.

Blogeriň tussag edilmegi bilen baglylykda Azatlyk bilen anonim gürleşen birnäçe çeşme soňky aýlarda ondan şikaýat bilen türk häkimiýetlerine birnäçe adamyň ýüz tutandygyny we olaryň Türkmenistanyň konsullygy bilen ilteşikli adamlardygyny aýtdylar.

Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, şenbe güni adam hukuklaryny goraýjy türk guramalarynyň biriniň aklawçylary onuň bilen duşuşypdyr. Blogçy olara polisiýa bölüminde onuň bilen türkmen konsullygynyň işgärleriniň gürleşendigini aýdypdyr.

2021-nji ýylyň awgust aýynda Azatlyk Radiosy Stambuldaky türkmen konsullygynyň öňünde geçirilen demonstrasiýalarda diplomatik wekilhananyň işgärleriniň Farhat Meýmankuliýewi (Durdyýewi) ele salandygyny we konsullyk binasynda birnäçe sagatlap ýenjendigini habar beripdi. Soňra aktiwist içeri işler ministri Süleýman Soýlunyň gatyşmagyndan soň boşadylypdy. Meýmankuliýew Stambulyň prokuraturasyna konsullyk işgärleri tarapyndan bikanun tussag edilendigi barada şikaýat etdi, ýöne türk häkimiýetleri bu meselä ýeterlik ähmiýet bermedi.

Farhat Meýmankuliýew, 2020-nji ýylyň başynda döredilen sürgündäki türkmen aktiwist hereketiniň ady belli wekillerinden biridir. Ol "YouTube" kanalynda we beýleki sosial platformalarda türkmen häkimiýetlerini tankytlady.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan dünýäniň iň repressiw we ýapyk ýurtlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanda sosial-ykdysady ýagdaýyň ýaramazlaşmagy, işsizligiň ýokary bolmagy we soňky ýyllarda ilatyň açlyk çekmegi Türkmenistanyň içinde-de, ýurduň daşynda-da nägileligiň artmagyna sebäp boldy. Ýurduň içinde hökümete garşy islendik garşylygy basyp ýatyrmaga ukyply türkmen režimi Türkiýedäki ýüzlerçe müň türkmen migrantlarynyň arasynda raýat aktiwliginiň artmagyna ünsüni güýçlendirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.​

Ýene degişli makalalar

Onlarça türkmen raýaty, şol sanda hökümeti tankytlan Durdylyýew Türkiýeden deportasiýa edildi
Çeşme: daşary ýurda barýan her uçardan onlarça adam düşürilýär
THF: Täçmyrat Bekiýew Sankt-Peterburgdaky deportasiýa merkezinden boşadyldy
Diňle: THF: Täçmyrat Bekiýew Sankt-Peterburgdaky deportasiýa merkezinden boşadyldy
Hukuk goraýjylar ÝHHG-niň baş sekretaryny Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekden saklanmaga çagyrýar
Balkanabatly ýurist Pygambergeldi Allaberdiýew “wezipeli şahsyň mertebesini kemsitmekde” aýyplandy. Oňa pul jerimesi salyndy