Oppo flagmany AnTuTu rekordyny täzeledi

Oppo flagmany AnTuTu rekordyny täzeledi

Oppo öndürijisi ýakyn wagtda täze Find X3 smartfon hataryny hödürlemeli. Bu hatardan bir model AnTuTu bençmarkynda eýýäm synagdan geçip, netijeleri bilen haýran galdyrdy. Gürrüňiň haýsy model barada gidýändigi belli däl, ýöne ol Snapdragon 888 çipsetinde işleýär. Bençmarkdaky netije 771 491 bal boldy we bu häzirki günde rekorddyr diýip, the-geek.ru belleýär.

Belläp geçsek, bu netije smartfonuň dört bölegini: çipseti, grafiki tizlendirijini, ýady we interfeýsi synagdan geçirmek arkaly gazanyldy. Habar çeşmesi smartfon barada maglumatlary doly aýan etmeýär, ýöne netijelerine görä, gürrüň 12 Gb operatiw ýat we 256 Gb hemişelik ýat barada gidip biler.

752 935 bal bolan ozalky rekord şol bir platforma esaslanýan Vivo-dan iQOO 7 smartfonuna degişli. Xiaomi Mi 11 AnTuTu-da 745 942 bal gazanýar, Qualcomm kompaniýasynyň etalon smartfony 735 439 bal netije görkezýär.

OPPO Find X3 tapgyryna üç smartfon girer diýlip çaklanylýar.Olaryň ählisi Qualcomm Snapdragon 888 prosessoryna esaslanar.Gurluşyň esasy wersiýasy 120 Gs täzelenme ýygylykly we 3216 x 1440 piksel ygtyýarly 6,7 dýuým AMOLED matrisasyna eýe bolar.

Smartfonuň esasy kamerasy esasy 50-Mn datçikli dört modul bilen hödürleniler.Gurluş simli 65-Wt we simsiz 30-Wt çalt zarýadlanmany göterer.Find X3 tapgyrynyň şu ýylyň başynda görkezilmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Samsung 11-nji awgustda täze smartfonlary, smart sagatlary we gulaklyklary hödürlär
Samsung kompaniýasy howpsuzlyk ulgamy güýçlendirilen Galaxy Quantum2 smartfony bilen tanyşdyrdy
Heniz çykmadyk Xiaomi 12 flagmany rekordlary täzeledi
Xiaomi bir minutda 35 müňden gowrak Mi Mix Fold smartfonyny satdy
Samsung Galaxy S22-niň täze wersiýasy tanyşdyryldy
Xiaomi 17 minutda zarýad alýan smartfony hödürledi
“Nokia” täze smartfonyny hödürledi