OpenAI kärhanasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy emeli intellekt bilen bagly duýduryş berdi

OpenAI kärhanasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy emeli intellekt bilen bagly duýduryş berdi

Emeli intellekt gollanmasy ChatGPT-ni oýlap tapan OpenAI kärhanasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Sam Altman, emeli intellekt ulgamlarynyň jemgyýete hiç hili gözegçilik mehanizmi bolmadan hödürlenmeginiň uly howplara sebäp bolup biljekdigi barada duýduryş berdi.

OpenAI kärhanasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Sam Altman BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde emeli intellekt bilen bagly beýanatlar berdi.

Çalt depginler bilen özgerýän emeli intellektiň Halkara Atom energiýasy ýaly gurama döredilip, gözegçilik edilmelidigi barada çagyryş beren Sam Altman, hiç hili erbet niýet bolmasada şol ulgamlaryň gözegçiliksiz ýagdaýda halk köpçüligine hödürlenmeginiň uly howplara sebäp bolup biljekdigini beýan etdi.

Sam Altman emeli intellekt pudagynyň entek ýoluň başyndadygyny belläp, bu tehnologiýanyň has gowy ýerlere geljekdigini belledi.

Ýene degişli makalalar

20-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Sal Altman Maskyň 97,4 milliard dollarlyk OpenAI teklibini kabul etmedi
“Google terjimä” 110 täze dil goşuldy
Alymlar uzak ýaşamagyň esasy üç sebäbini agzadylar