
Üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli Opel kompaniýasy Insignia-lar modelini öndürmegini bes eder. Automobilvoche neşiriniň çeşmeleri bu ýagdaýy önümçilikden möhletinden öň aýyrmak diýip atlandyrýarlar. Opel kompaniýasy Insignia-nyň oruntutaryny bazara 2024-nji ýylda çykarar.
Opel-iň Insignia-ny ýygnamagy bes etmegini, ilkinji nobatda, onuň Rýusselshaýmdaky zawodynyň önümçilik kuwwatyny boşatmak isleýändigi bilen baglanyşdyrýarlar.Opel bu ýerde Astranyň islegli neslini we onuň DS4 platformadaşyny ýygnamagy ýola goýar.
Insignia-ny çalyşmagyň zerurdygynyň ýene bir sebäbi — bu modeli elektrofikasiýalaşdyryp bolmaýar.Onuň platformasy Insignia-ny elektromobile öwürmäge mümkinçilik bermeýär.Kompaniýa öňem öz hatarlaryny doly elektrifisirlemäge çalyşýandygyny telim gezek mälim edipdi.
Has öňräkki habarlara görä, Opel eýýäm 2024-nji ýylda, her nämede bolsa, öz her tapgyr modeliniň elektrifisirlenen görnüşini hödürlemäge hyýallanýar. Şol wagta çenli Insignia-nyň oruntutary hem bazara çykar diýip neşir çaklaýar.