OPEK+ ýurtlary nebitiň çykarylyşyny azaldar

5-nji iýunda Wena şäherinde OPEC+ guramasyna gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleriniň maslahaty boldy.OPEC+ ýurtlary 2024-nji ýyldan başlap her gün 40,46 million barrele barabar nebit öndürmek barada kwotany tassykladylar, bu häzirkiden 1,5 barrel azdyr.

OPEC-iň beýanatynda bu kararyň “nebit bazaryndaky durnuklylygy gazanmak we goldamak” maksady bilen kabul edilendigi bellenýär.Indiki duşuşyk 26-njy noýabrda geçiriler.

Russiýa geljek ýyldan başlap, nebitiň çykarylyşyny meýletin azaltmagyň möhletini uzaltdy. Saud Arabystany hem şuňa meňzeş çäreleri görýär. Bu barada guramanyň web sahypasynda aýdylýar.

Russiýanyň OPEC+ boýunça 2024-nji ýyldaky kwotasy günde 9,8 million barrele, Saud Arabystanynyňky günde 10,5 million barrele barabar bolar. Angola üçin bu maksatly önümçiligiň derejesi 1,3 million barrele, Nigeriýa üçin 1,4 milliona, Alžir üçin 1 milliona, Kongo üçin 276 müňe, Gabon üçin 177 müňe çenli peseler.

Nebitiň çykarylyşynyň azaldylmagy eýýäm ikinji gezek bolýar. Öňki ylalaşyk 2023-nji ýylyň aýagyna çenli göz öňünde tutulypdy. Ýeri gelende belläp geçsek, OPEC+ guramasyna 10 ýurt: Azerbaýjan, Bahreýn, Bruneý, Gazagystan, Malaýziýa, Meksika, Oman, Russiýa, Sudan we Günorta Sudan girýär.

Ýene degişli makalalar

OPEC döredildi
OPEC+ ýurtlarynyň birnäçesi nebit önümçiligini azaldýar
OPEC+ önümçiligini artdyrýar
OPEC+ ýurtlary sentýabrda nebitiň çykarylyşyny artdyrar
Braziliýa 2024-nji ýylyň başynda OPEK+a goşular
IEA: Şu ýyl nebitiň dünýädäki bahasy ýokarlanyp biler