OPEK + ýurtlary nebit önümçiligini artdyrmakçy

OPEK + ministrler konferensiýasy tamamlandy, bileleşigiň agzalary şu ýylyň sentýabr aýynda nebit çykarylyşynyň günde 100 müň barrele çenli ýokarlandyrmak barada ylalaşyk gazandylar. Bu barada OPEK-iň web sahypasynda ýerleşdirilen soňky beýanatda mälim edilýär. Maslahatyň dowamynda OPEK + ýurtlarynyň ministrleri önümçiliginiň mukdary artdyrylanda ýüze çykyp biljek meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Jemleýji beýanatda dünýä ýurtlarynyň nebit çykarmak boýunça erkin mümkinçiliklerinden peýdalanmagynyň zerurdygy bellenilýär.Sentýabr aýyndaky önümçilik meýilnamasyndan görnüşi ýaly, Russiýa we Saud Arabystany nebit önümçiligini günde 26 müň barrele çenli artdyrmagy maksat edinýär.

Bu ylalaşyk, OPEK-iň 31-nji ministrler maslahatynyň ahyrynda kabul edilen kararyny has-da berkitdi.Guramanyň indiki maslahaty şu ýylyň 5-nji sentýabrynda geçiriler.Maslahata gatnaşanlar önümçiligiň ýokarlanmagynyň, gara altyna islegiň we teklibiň deňagramlylygynyň optimal derejesini üpjün etmelidigini, şeýle hem pandemiýadan soň dünýä ykdysadyýetiniň dikelýän wagtynda ýangyç ýetmezçiliginiň öňüni almalydygyny bellediler.

OPEK + karary yglan edilenden soň, “Brent”görnüşli nebitiň bir barreliniň bahasy 102 dollardan 96 dollara çenli aşaklady. Şol bir wagtyň özünde, bilermenler guramanyň ýakyn geljekdäki meýilnamalarynyň bahalaryň üýtgemegine güýçli täsir etmejekdigine ynanýarlar. Çünki gazanylan ylalaşyga garamazdan, nebit karteli önümçiligi artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipä tehniki taýdan hötde gelip bilmez.

Ýene degişli makalalar

Nebitiň dünýä bahalary ýene gymmatlady
Dünýä ykdysadyýetiniň çylşyrymly ýagdaýlary sebäpli nebitiň bahalary 3% peseldi
Nebit ministri OPEK-iň başlygy boldy
OPEK: 2045-nji ýyla çenli nebit dünýäde iň islegli ýangyç bolar
Halkara energetika agentligi 2022-nji we 2023-nji ýyllarda nebite islegiň derejesini peseltdi
Nebite isleg artar