Dünýäde nebitiň we tebigy gazyň nyrhlary OPEK guramasynyň agza ýurtlaryna dahylsyz gymmatlaýar, munuň sebäbi nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryň ýetmezçiligi bilen baglydyr. Bu barada Nebiti eksport edijileriň guramasynyň baş sekretary, Kuweýtiň wekili Haýsam al-Gaýs beýanat berdi diýip, Izwestiýa ýazýar.
Nyrhlaryň gymmatlamagynyň arkasynda OPEK duranok. Munuň birgiden sebäpleri bar we esasy iş maýa goýumlaryň ýetmeýänligindedir diýip, al-Gaýs ABŞ-nyň CNBC teleýaýlymyna beren interwýusynda nygtady.
Soňky günlerde Ýewropanyň biržalarynda gazyň bahasy 1 müň kubmetr üçin 2,6 müň amerikan dollaryna deň boldy. Nyrhlaryň häzirki ýagdaýynda ol 4 müň dollardanam geçip biler diýip, RF-niň Gazprom döwlet kompaniýasy habar berdi.
Bitriver kompaniýasynyň wekili Andreý Loboda tebigy gazyň bahasy 1 müň kubmetr üçin 4 müň dollara ýeten ýagdaýynda Ýewropada hümmetsizlenmäniň artjakdygy, adamlaryň durmuşynyň hiliniň ýaramazlaşjakdygy we ykdysady kynçylyklaryň tolkuny barada çaklama aýtdy.
Şeýle-de Express neşiriniň synçysy Çarli Bredli eger Gazprom edarasy Demirgazyk akym turbageçirijisinden akdyrýan gazynyň möçberlerini kemeltse, munuň, esasan, Germaniýanyň ýaşaýjylary üçin kyn netijelere getirip biljekdigini aýtdy.