OPEK: 2045-nji ýyla çenli nebit dünýäde iň islegli ýangyç bolar

OPEK: 2045-nji ýyla çenli nebit dünýäde iň islegli ýangyç bolar

Nebit dünýäde sarp edilişdäki paýynyň peselýändigine garamazdan, 2045-nji ýyla çenli ýangyjyň iň islegli görnüşi bolar. Bu barada OPEK World Oil Outlook (WOO) çaklamasynda aýdylýar diýip, Trend habarlar gullugy ýazýar.

OPEK guramasynyň çaklamasynda dünýäniň energiýa bazarynda nebitiň paýynyň 2045-nji ýyla çenli häzirki 31 göterimliginden 29 göterime çenli aşaklajakdygyna seretmezden, onuň iň hyrydarly ýangyç boljakdygy aýdylýar. Diňe nebit bilen gazyň paýyna energiýa serişdeleriniň sarp edilişiniň 50 göterimi degişli bolar.

Nutukda energiýa bazarynda bioýangyjyň we kömrüň hasabyna tebigy gaza islegiň kemelýändigine seretmezden, 2030-njy ýylda gaz kömri bazarda çalşar hem-de sarp edilýän ýangyjyň bazarynda ikinji orny eýelär diýlip bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Nebite isleg artar
OPEK OGT-2023 forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady
IEA: Şu ýyl nebitiň dünýädäki bahasy ýokarlanyp biler
Nebit ministri OPEK-iň başlygy boldy
Halkara energetika agentligi 2022-nji we 2023-nji ýyllarda nebite islegiň derejesini peseltdi
Nebitiň dünýä bahalary ýene gymmatlady
Nebite isleg artar