OPEC ýurtlary we hyzmatdaşlary nebit önümçiligini tapgyrlaýyn artdyrmagy ylalaşdylar

OPEC ýurtlary we hyzmatdaşlary nebit önümçiligini tapgyrlaýyn artdyrmagy ylalaşdylar

Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy (OPEC) we onuň hyzmatdaşlary geçen penşenbe güni 2021-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, nebitiň çykarylyşyny günde 0,5 mln barrel möçberde artdyrmak boýunça ylalaşyga geldiler. Bu barada TASS agentligine salgylanyp, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň elektron gazeti habar berýär.

OPEC+ ýurtlarynyň bilelikdäki nebit önümçiligi ýanwar aýynda 2018-nji ýylyň oktýabryndaky derejesinden 7,2 mln barrel azaldylar. Ylalaşygyň ilkibaşdaky şertlerine laýyklykda, 5,8 mln barrel azaltmak göz öňünde tutuldy.

Anna güni nebit bazarynda belli bir derejede ösüş gazanyldy. Ol penşenbe güni geçen OPEC+ mejlisiniň netijeleri bilen gönüden-göni bagly. Brent nebitiniň bahasy 50 ABŞ dollara golaýlady. Brentiň fewral aýy üçin şertnamalarynyň bahasy 1,95% artyp, 49,66 ABŞ dollaryna, WTI-niň ýanwar aýy üçin şertnamalarynyň bahasy 1,69% artyp, 46,41 ABŞ dollaryna barabar boldy.

1960-njy ýylda esaslandyrylan OPEC guramasyna häzirki wagtda Alžir, Angola, Kongo, Ekwador, Ekwatorial Gwineýa, Gabon, Eýran, Yrak, Kuweýt, Liwiýa, Nigeriýa, Saudy Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri we Wenezuela ýurtlary agza bolup durýar.

OPEC+ ýurtlaryna OPEC guramasynyň agza-ýurtlarynyň 13-si we dünýäniň iri nebit-eksportýorlary, ýagny Azerbaýjan, Bahreýn, Bruneý, Gazagystan, Malaýziýa, Meksika, Oman, Russiýa, Sudan we Günorta Sudan degişlidir. OPEC+ ýurtlarynyň esasy wezipesi dünýä bazarynda nebitiň bahasyny kesgitlemek üçin nebitiň eksportyny düzgünleşdirmekden ybarat bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

OPEC döredildi
OPEC+ önümçiligini artdyrýar
OPEK+ ýurtlary nebitiň çykarylyşyny azaldar
EIA: 2023-de nebitiň ortaça bahasy $95-den geçer
Dünýä ykdysadyýetiniň çylşyrymly ýagdaýlary sebäpli nebitiň bahalary 3% peseldi
OPEC+ nebit önümçiligini sentýabr aýynda artdyrar
OPEC+ ýurtlarynyň birnäçesi nebit önümçiligini azaldýar