OPEC+ ýurtlary sentýabrda nebitiň çykarylyşyny artdyrar

OPEC+ ýurtlary sentýabrda nebitiň çykarylyşyny artdyrar

Nebiti eksport edýän ýurtlaryň we oňa girmeýän döwletleriň (OPEC+) guramasynyň ministrleri sentýabr aýynda çig malyň çykarylyşyny gije-gündiziň dowamynda 100 müň barrele çenli artdyrmagy şertleşdiler. Bu barada bileleşigiň 31-nji duşuşygynyň jemlerine bagyşlanan beýanatda aýdylýar.

Resminama laýyklykda, Russiýa we Saud Arabystany her ýurt üçin gije-gündiziň dowamynda 26 müň barrel nebit gazyp almak barada ylalaşdylar. Guramanyň indiki duşuşygy 5-nji sentýabrda geçer. OPEC+ koalisiýasyna 10 ýurt girýär - olar Russiýa, Oman, Sudan we Günorta Sudan, Azerbaýjan, Gazagystan, Bahreýn, Bruneý, Malaýziýa, Meksikadyr.

Ýene degişli makalalar

OPEC döredildi
OPEK+ ýurtlary nebitiň çykarylyşyny azaldar
OPEC+ ýurtlarynyň birnäçesi nebit önümçiligini azaldýar
OPEC+ önümçiligini artdyrýar
Türkmen wekiliýeti Özbegistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşar
“JPMorgan”: 2022-nji ýylda nebitiň bahasy $125-e ýeter