OPEC+ önümçiligini artdyrýar

OPEC+ bileleşiginiň ýurtlary nebit önümçiligini şu ýylyň ahyryna çenli dowam etdirmek we şertnamany geljek ýylyň ahyryna çenli uzaltmak barada ylalaşdylar. Awgust aýyndan başlap nebit önümçiligi günde 400 müň barrele çenli ýokarlanar.

Eksportçylar Ýakyn Gündogar döwletleriniň arasyndaky gapma-garşylyklar çözülenden soňra bu karary tassykladylar. Mundan öň Birleşen Arap Emirlikleri nebit önümçiligini azaltmak ýa-da ýokarlandyrmak boýunça kwotalar hasaplanylýan esasy parametrlere täzeden garamagy teklip edipdi.

OPEC+ karary häzirki we geljek ýyllarda Russiýanyň nebit önümçiligini goşmaça 21 million tonna artdyrmaga mümkinçilik berer. Geleşigiň täze şertlerine laýyklykda, Russiýa Federasiýasyndaky önümçiligiň mukdary 2022-nji ýylyň maý aýynda çökgünlikden öňki derejä ýeter we býujete goşmaça 400 milliard rubl girdeji almaga mümkinçilik döreder.

OPEC+ 23 döwleti öz içine alýar. Olardan 13-si OPEC-e agza ýurtlar: Alžir, Angola, Kongo, Ekwatorial Gwineýa, Gabon, Yrak, Kuweýt, Nigeriýa, Saud Arabystany, BAE, Eýran, Liwiýa we Wenesuela. OPEC+ kartelinde bolsa 10 ýurt bar: Azerbaýjan, Bahreýn, Bruneý, Gazagystan, Malaýziýa, Meksika, Oman, Russiýa, Sudan, Günorta Sudan.

Ýene degişli makalalar

OPEC döredildi
OPEK+ ýurtlary nebitiň çykarylyşyny azaldar
OPEC+ ýurtlarynyň birnäçesi nebit önümçiligini azaldýar
Nebit ministri OPEK-iň başlygy boldy
EKKAS Gabonyň agzalygyny togtatdy
OPEC+ ýurtlary sentýabrda nebitiň çykarylyşyny artdyrar